Şu günler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk tennis meýdançalarynda ýetginjekleriň arasynda geçirilýän tennis boýunça halkara ýaryş tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şu gün ýekelikde oýnamak görnüşinde ýarym finalçylar, şeýle hem jübütleýin bäsleşýän türgenlerden final ýaryşyna gatnaşyjylar kesgitlenildi.
Türkmen toparynyň ýetginjekler düzüminde çykyş edýänler aýratyn tapawutlandylar. Türgenlerimiz Andreý Kaşenko (toparda birinji belgide çykyş edýär), Hajymyrat Çaryýew we Arslan Oraşew ýarym finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu bolsa Türkmenistanyň wekilleriniň altyn medal ugrundaky aýgytlaýjy bäsleşikde çykyş etjekdigini aňladýar. Özbegistanyň ýygyndy toparynyň wekili Abdyl Karimow hem ýarym finala çykdy.
Türkmenistanlylar şeýle hem şu gün jübütleýin geçirilen bäsleşiklerde hem tapawutlandylar: Garryýew-Kaşenko jübüti ýarym final duşuşygynda Karimow-Kurbonow özbek-täjik jübütini 6:2, 6:1 hasabynda utmagy başardylar. 23-nji sentýabrda geçiriljek final duşuşykda türkmen tennisçileri eýranly türgenler Adabžoý-Rostami jübütini ýeňen russiýaly tennisçiler Çuýew-Spasibo jübüti bilen bäsleşerler.