Ï Türkmenistanyň çeperçilik sungatynyň Sergi merkezinde Walentin Kudrýaşowyň işleriniň özbaşdak sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň çeperçilik sungatynyň Sergi merkezinde Walentin Kudrýaşowyň işleriniň özbaşdak sergisi açyldy

view-icon 915
Onuň iň belli işleriniň biri „Saglyk ýoly“ triptihidir, onda nakgaş Köpetdagyň eteginiň ajap manzarlaryndan döreýän duýgylary dürli reňkler bilen çeper beýan edipdir. Ýaşyl öwüsýän depeler bilen ownuk ak bulutly mawy asmana bu älem giňişlig dar ýaly görünýär. Eserde ulanylan žanrlaryň ikisi-de –realizmdir impressionizm üçinem olaryň ornaşdyrlan ýeri bir-birine dar ýaly.

Walentin Kudrýaşow bilen gürrüňdeş bolanymyzda ol bu suraty köp wagtda çekenligini aýtdy. Nakgaş ony sergileriň bäşisine çykarypdyr, emma oňa üns berilmändir. Onsoň ol her gezek şol işi kämilleşdirp ugraýar. Triptihiň merkezi hem sag böleginiň üstüni ýetirýär. Ahyrsoňy nakgaşyň erjelligi öz miwesini berdi. Eser sungat muşdaklarynyň ençemesiniň ünsüni çekdi, olaryň kalbynda özboluşly seslenme döretdi.

Sergide Walentin Kudrýaşowyň grafika we žiwopis eserleri goýlupdyr. Özü-de, grafika suratlarynyň köpüsi žiwopis suratlaryna esas bolupdyr. Nakgaşyň özbaşdak sergileriniň ählisinde onuň öz suraty hem bar. Bu gezek ony nakgaş Myrat Taşew Walentin Kudrýaşowy egni donly, başy telpekli, parasatly, mähirli bakyşly goja keşbinde çekipdir.


Walentin Kudrýaşowyň „Gadymy Hazar“ eserinde çeper ýumor duýulýar. Nakgaş onda Hazaryň ümsüm suwunyň depesinde äpet asmany hemem üç sany küýzeli adam-gara ýaşamaýan adanyň bir erňegini çekipdir. Olarda näme barka? Ýada özüni açjak Alladine garaşyp ýatan jadyly jynlar barmyka? Oňa her kim birhili düşünýär...

Däbe öwrülen: „Siz näme üçin nakgaşlygy saýladyňyz?“ diýen sowala Walentin Kudrýaşow şeýle jogap berýdi:

-Kakam nakgaşlygy halapdyr, ýöne arzuwy wysal bomandyr. Meniň surat çekişimi görüp: „Sen bir nakgaş bolaweri, oglum. Meniň üçinem, özüň üçinem!“—diýdi. Onuň şo aýdany ýüregime jüňk boldy, onsoň men kakamyň sözüni ýerde goýmajak bolup elde baryny etdim. Ilki Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebinde, soňra Aşgabadyň çeperçilik mekdebinde okadym. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynda Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzasy boldum.


Sergide çaga suratlary kän, olaryň arasynda şol bir çaganyň suratlary-da az däl. Ol nakgaşyň gyzy Alýona Kudrýaşowa eken. Onuň dört ýaşyndaky suratynda garaýşy dykgatly hem dartgynly, şondan birki ýyl soňkularynda ýürekden hezil edip gülýär. Şeýle pursady çemini tapyp tutaýmak surat düşürýän üçinem şowlulykdan alamat. Nakgaş nätmeli? Çünki hem-ä suratkeşe nusga bolup, şol wagtyň özünde-de ýürekden gülüp boljak däl-ä. Muny nakgaş: „Ony ýatkeşligime daýanyp çekdim, gowy ýeri o döwürler Alýona köp gülýärdi, onsoň olary deňeşdirse bolýardy“—diýip düşündirýär.

Nakgaşyň sporta bagyşlanan işler-de kän. Olaryň arasynda „Keçedäki etirlik maşk“, „Göreş düşekçesindäki tutluşyk“, „Welosiped ýaryşy, „Pökgi oýny“ ýaly başga-da ençeme işleri görkezse bolar. Olara bakanyňda Walentin Kudrýaşow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýandyr diýip oýlanýarsyň, ýöne aslynda weli başgaça bolup çykdy: onuň ussahanasy ençeme ýyllap sport klubynyň golaýynda ýerleşipdir. Meniň pikirime görä, onuň „Welosipedçi gyzlar“ suraty has şowly çykypdyr—onda iki gyz bir almany bölüşýär. Gyzlar maksada okgunly, özüne ynamly we beýlekiler ýeterden has öňde. Olaryň ýakyn dosty welosiped, olar diňe rekord goýmagyň pikirinde.


Walentin Kudrýaşowyň çeken natýurmortlary-da özboluşly. Olaryň arasynda bugaryp duran kofeli bulgurjyk, saçat we mastihin, onuň gapdalynda gelejki suratyň ýordumy gaýmalaýan ak kagyz şekillendirilen „Nakgaşyň ylhamy“ eseri aýratyn göze ilýär. „Bulgurlar“ eseri-de ünsüňi özüne çekýär. Açyk-aýdyň bulgurlarda elektrik çyrasynyň yşgy nepis oýun edýär. Bulgurlaram stoluň goýras ýalpyldaýan üstüne has owadan şekil berýär. Bu işlerde nakgaşyň adaty zatlarda gözelligi göribilýänligi aýdyň göze iulýär.

Sergide dürli manzarlar çekilen lşler-de kän. Olaryň arasynda Aşgabdyň eteginiň görnüşleri, Sumbar jülgesi, Garrygalanyň dag gerşleriniň... manzarlary çeper beýan edilipdir. Şolardan „Akderäniň gojamany“ suratry şowly çykan işleriň biridir. Onda şahalary düwün-düwün, garrasa-da ýaşaýşa erjel ýapyşýan tut agajy şekillendirilipdir. Onuň ýaşyny bilýän ýok, sebäbi onuň bilen ýaşytdaşlaram, olaryň bala-çagalarydyr agtyklaram bireýýäm ýurduny täzeläpdir.


Akderäniň indiki adamlarynyňam gözüni açyp göreni şu tut. Bahar gelse, onuň garry şahalary pyntyk ýaryp, ýene ter şahalar kemala gelýär. Bu garry tut Akderäniň iň tanymal ýerleriniň biri bolup galdy.

Walentin Kudrýaşowda iň ýönekeý zatlarda-da gözelligi saýgarmak ukyby bar. Ol şol gözelligi ýiti reňkleriň, ynamly surat çekiş tilsimi hem-de isle adamlar, isle-de jansyz zatlar bolsun-tapawudy ýok, töweregindäki zatlaryň baryna sylag-sarpaly garaýşy bilen şeýle ussatlyga ýetdi. Hut şu ýagdaýam sungat muşdaklarynda onuň işlerine isleg döredýär.