Paýtagtymyzda ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýan ajaýyp baýramçylyk — üçünji Wena baly geçirildi.
Medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy esasynda geçirilýän bilelikdäki döredijilik çäresi indi asylly däbe öwrüldi.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk toýuna bagyşlanan bu halkara çäräniň öňüsyrasynda milli Liderimiziň sungatyň ylalaşdyryjylyk wezipesini açyp görkezýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaby döredijilik ýörelgelerine bagyşlandy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň guramagynda geçirilýän üçünji Wena baly Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda ynsanperwerlik ugrunyň möhüm orun eýeleýändiginiň subutnamasydyr. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk onuň möhüm ugry bolup durýar.
Birinji Wena balynyň Aşgabatda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilendigini bellemeli. Bu gezek hem dostluk we döredijilik baýramçylygy ýurdumyzyň we her bir türkmenistanlynyň durmuşynda möhüm waka — baş baýramy bolan şanly senä bagyşlandy.
Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň baş nyşanydyr. Ol iki ýüz ýyla golaý taryhynyň dowamynda abraýyny birjik-de peseltmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden çykdy we dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlykdan peýdalanýan hem-de yzygiderli guralýan medeni çärä öwrüldi.
Wena baly Aşgabatda asylly däbe görä, Milli kitaphana, Muzeý we Mukamlar köşgi ýaly ähmiýetli medeni ojaklaryň gurşawynda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda geçirildi. Bu ýerde halkymyzyň geçmişi bilen häzirki döwrüniň baglanyşygy, milli gymmatlyklaryň we umumadamzat maksatlarynyň dowamy has aýdyň duýulýar. Awstriýaly myhmanlaryň bellemegine görä, özboluşly döredijilik ruhuna eýe bolan bu künjekde Wena balynyň özboluşly sazlaşygy has-da aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde bu gezekki bilelikdäki çäräniň many-mazmuny artýar.
Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda guralýan baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly dabara we aýratyn sazlaşyk mahsus boldy. Bu ýerden kaşaň Garaşsyzlyk binasy we Köpetdagyň dag gerişleri has-da gözel görünýär. Binanyň özboluşly bezeglerinde öwşün atýan Gün şöhleleri, suw çüwdürimleriniň kümüşsöw görnüşi özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny döredýär.
Nusgawy Wena balyna aýratyn dabara, gözellik we nepislik mahsusdyr. Oňa gatnaşýan artistleriň lybaslary Ýewropa we milli ýörelgeleri bilen utgaşyp, has-da gözel görünýär. Inçelik bilen, milli nagyşlar bilen keşdelenen ak lybaslaryň bezegi dünýäniň dürli ýurtlarynyň ajaýyp egin-eşikleri bilen mynasyp bäsdeşlik edýär. Özboluşly äheňdäki gül çemenleri we şeýle çykyşlara mahsus bolan gyzlaryň başlaryndaky täji balyň özboluşly serişdesidir.
Meýdançanyň giňişliginde nusgawy sazlaryň belent owazy ýaňlanýar.
Bu ýerde guralýan baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlary, köp sanly döredijilik işgärleri çagyryldy. Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň agzalary, belli opera aýdymçylaryndan, dirižýorlaryndan we tansçylaryndan düzülen döredijilik topary Aşgabada geldi. Myhmanlaryň hatarynda işewür toparlaryň wekilleri, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.
Merkeziň gündogar künjeginde oturdylan monitorlarda iki dostlukly döwletiň paýtagtlary Aşgabat we Wena hakynda gürrüň berýän wideofilmler görkezildi.
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirýän “Polonez” eseriniň ýaňlanyp başlanmagy Wena balynyň açylýandygyny yglan etdi. Oňa awstriýaly dirižýor, “Galkynyş” türkmen-awstriýa orkestriniň çeper ýolbaşçysy Wolfgang Harrer dirižýorlyk etdi.
Ähli Ýewropa ballaryny açýan dabaraly tansa paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň horeografiýa toparlaryndan düzülen onlarça jübüt tansçylar meýdança çykýar. Olar bu ajaýyp tansy örän ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.
Tans tamamlanandan soň, bilelikdäki döredijilik çäresiniň resmi açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlaryna Aşgabatda üçünji Wena balyny geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bu gezekki bilelikdäki medeni çäräniň netijeli syýasy, ykdysady hem-de medeni türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we baý medeni mirasyň wagyz edilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.
Soňra Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy, doktor Neda Bergere söz berildi. Ol hemmeleri bu şanly waka bilen gutlady we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa üçünji Wena balyna goldaw berendigi, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirdi. Myhman bu ýere ýygnananlara medeni çäräniň geçirilmegine goldaw berýän Wena şäheriniň häkiminiň gutlag sözlerini ýetirdi.
Ol ýurdumyza we türkmen halkyna bolan mähirli sözlerini öz döreden goşgusynyň üsti bilen beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, Awstriýa-türkmen jemgyýeti iki dostlukly döwletiň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine işjeň ýardam berýär. Bu jemgyýet medeniýet ulgamynda birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, maglumat alyşmaga işjeň gatnaşýar. Jemgyýetçilik guramasynyň ýörite saýty ýewropalylary Türkmenistanyň gadymy taryhy hem-de özboluşly baý medeniýeti, häzirki döwri, ykdysady we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.
Çäräniň resmi bölegi tamamlanandan soň, bal başlandy. Türkmen ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda Çary Nurymowyň “Baýramçylyk aýdymy” ýaňlandy. Ol bu ýere ýygnananlary uly wals tansyna çagyrdy.
Soňra “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirýän sazynyň astynda tans edýän “Ruhubelent çagalar” döredijilik toparynyň ýaşajyk tansçy jübütleri ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Döredijilik agşamynyň maksatnamasyna milli we dünýä nusgawy saz eserleri girizildi. Olaryň hatarynda I.Ştrausyň, D.Şostakowiçiň we A.Haçaturýanyň eserleri bar. Şeýle hem bu ýerde Ç.Nurymowyň, R.Rejebowyň, D.Hydyrowyň we beýlekileriň meşhur eserleri ýaňlandy. Baýramçylyk agşamynda Frans Legaryň operettalaryndan, Juzeppe Werdiniň we Jakomo Puççininiň operalaryndan ajaýyp ariýalar ýerine ýetirildi.
Wena balynyň myhmanlary ýurdumyza ilkinji gezek gelen günorta afrikaly aýdymçy, Wena konserwatoriýasynyň uçurymy we Awstriýanyň “Iogann Ştraus” toparynyň agzasy Jolena Makklelandyň aýdymlaryndan örän uly täsir aldylar. Ýygnananlar Aşgabatda geçirilýän Wena balyna yzygiderli gatnaşýan Lewent Gýunduzyň çykyşyna uzak wagtlap el çarpyşdylar.
Wena baly — munuň özi öňi bilen Iogann Ştrausyň eserlerinden ybaratdyr. Ýewropa ýurtlarynda balet tansynyň ussady diýlip ykrar edilen Paula Rostasyň we onuň meşhur hemrasy — tansçy Žan Bezakyň balet jübüti ýokary ussatlygy görkezdi.
Sazly çykyşlaryň hemmesi diýen ýaly bal jübütleriniň tansy bilen utgaşdy. Olary ýurdumyzyň ussat tans toparlary ýerine ýetirdiler. Eserleriň sazlaşykly tans hereketleri bilen utgaşmagy bala gatnaşýanlarda we onuň myhmanlarynda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde ösüşiň hem-de parahatçylygyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzy wasp edýän “Garaşsyz Türkmenistan” atly aýdymyň ýaňlanmagy jemleýji pursada öwrüldi.
Aşgabatda geçirilen Wena baly oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olaryň sungatyň egsilmez güýjüni alamatlandyrýan, hakykatdan-da, medeni baýramçylyk bolan şeýle şanly wakanyň ýene-de nobatdakysyna sabyrsyzlyk bilen garaşjakdyklary şübhesizdir.