Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Awstriýa-türkmen jemgyýeti tarapyndan guralan döredijilik agşamy teatra köp sanly nusgawy sazyň muşdaklaryny ýygnady.
Konsertiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iki halkyň dostlukly gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge, medeniýetiniň özara baýlaşmagyna ýardam etmäge gönükdirilen bu gezekki çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Döwlet simfoniki orkestriniň we daşary ýurtly artistler — Lewent Gýunduzyň, Jolena Makklelandyň ýerine ýetirmeginde saz eserleri, dünýä medeniýetiniň taryhyna altyn sahypalary ýazan ýewropa kompozitorlarynyň eserleri aýdym-saz muşdaklaryna hödürlenildi.
Şol agşam orkestre biziň ýurdumyzyň öňden gelýän dosty — awstriýaly dirižýor Wolfgang Harrer dirižýorlyk etdi.
Tomaşaçylar «Mawy Dunaý» diýen ajaýyp walsy hem-de Iogann Ştrausyň özüne çekiji “Polkasyny” ussatlyk bilen ýerine ýetiren tansçylar Paula Rostasyň we Žan Bezanyň ussatlygyna ýokary baha berdiler.
Däbe öwrülen türkmen-awstriýa konserti ynsanperwer ulgamda dostlukly döwletleriň işjeň gatnaşyklaryny dowam etmek bilen, iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň ruhy durmuşyna gyzyklanmasyny has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga höweslerini ýene bir gezek tassyklady.