Ï Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry täze oýun bilen möwsümi açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry täze oýun bilen möwsümi açdy

view-icon 704
Oba durmuşynyň täsin taryhy bar – islendik sahna üçin ýaramly tema. Oba adamlary aýratyn häsiýete eýe – düzgün bolşy ýaly, päk göwünli, hakykatçy sözlere baý. Ýöne teatrlaryň kollektiwleri “Gadymy agaç” pýesasyny goýmak bilen çekindiler: eger-de baş rollarda bäş sany ýaşuly boljak bolsa, onda gülkili sahna bolarmy diýen sorag olary ynjalyksyzlandyrdy. Türkmen halkynda ak sakgally ýaşulylara uly hormat goýulýar, olaryň üstünden gülmeklige-hä asla ýol berilmeýär. Näme-de bolsa režisýor-oýun goýujy Handurdy Berdiýew bu oýny goýmak bilen, töwekgelçilik etdi, elbetde, režisýoryň kömekçisi Gözel Çommyýewanyň we režissýoryň assistenti Merjen Salandyýewanyň kömeklerine daýandy. Oýnuň premerasynyň görkezişi ýaly, töwekgelçilik özüni ödedi.


Pýesanyň esasynda daýhan birleşiginiň başlygy bilen ýaşuly nesliň arasynda çynar agajy bilen baglanyşykly garşylyk ýatyr. Başlygyň obanyň ýaşulularyny tanyşdyran täze ulag ýolunyň taslamasy boýunça çynary kesip aýyrmaly bolýar. Olaryň gaharlary gelip, başlyga bu ýaşy uly agajyň oba adamlary üçin nähili ähmiýetiniň bardygyny ýatlatýarlar. Bir wagtlar daýhan birleşiginiň ýerinde bir oba bolman, iki oba bolupdyr. Olaryň arasynda suw bilen baglanyşykly jedel asyrlar bäri dowam edip gelipdir. Şonda ýaşulylar ylalaşygyň nyşany hökmünde iki obanyň arasynda bu çynary ekipdirler. Bu agaç dawalaryň ählisini paýhasly çözmegiň nyşanyna öwrülipdir. Ýöne başlyk hem, ýaşulylar ýaly, boýun egmändir. Eger-de oňa ýaşulylaryň ählisini birden yrmak başartmadyk bolsa, olary ýeke-ýekeden yrmaga çalşypdyr. Ol öz meýlini amala aşyrmak üçin olara “Mollagara” şypahanasyna ýollanmany teklip edipdir.


Hudožnik-oýun goýujy Mekan Annamyradowyň pikirlenişi ýaly, birnäçe detallaryň kömegi bilen başlygyň otagy şypahananyň zalyna öwrülýär. Ýaşulynyň şypahana baryp, täze ýaşaýyş şertlerine öwrenişýändigi – bu örän gülküli tema. Bu temanyň baş gahrymany, elbetde Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Sapardurdyýew. Onuň tomaşaçylaryň gülküsini döretmek üçin sahnadan bir gezek geçmegi hem ýeterlik bolýar. Oýnuň gülkili bolmagyna Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow hem goşandyny goşdy. Ol daýhan birleşiginiň agras başlyklygyndan şypahanada dynç alýanlaryň arasyndan öz obadaşlaryny ogrynça gözläp ýören adama öwrülýär. Spektaklyň öz Romeo we Julýettasy hem bar – olar ene-atalarynyň yzygiderli dawalary netijesinde toý tutup bilmän ýörenler Atda we Maral. Söýgi temasy pýesanyň sýužeti bilen sazlaşyp gidýär, söýgüsiz hem oba bolarmy?!


Komediýanyň soňy oňyn çözülýär: Atda we Maral toý tutmak üçin öz garyndaşlaryndan örän uzak wagtlap garaşan ak patany alýarlar, ýaşulylaryň goran çynary hem ýerinde gögerip otyr, başlygyň jan eden ýolunyň gurluşygyna hem başlandy. Bularyň nähili bolup geçýänini bolsa siz alty sany ýaşuly we gadymy agaç baradaky şadyýan häzirki zaman spektaklyna tomaşa edeniňizde görüp bilersiňiz.