Ï A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary «Ak Weža» XXI Halkara teatr festiwalynyň diplomyna mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary «Ak Weža» XXI Halkara teatr festiwalynyň diplomyna mynasyp boldy

view-icon 750
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik forumy 9-njy sentýabrdan 16-njy sentýabr aralygynda Belarus Respublikasynyň Brest şäherinde geçirildi. Onda 16 ýurtdan: Gyrgyzystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Germaniýadan, Ukrainadan, Latwiýadan, Çehiýadan, Moldowadan, Rumyniýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Beýik Britaniýadan, Polşadan, Russiýadan, Fransiýadan we Ermenistandan döredijilik toparlary gatnaşdylar.


A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri belli türkmen ýazyjysy Atajan Taganyň XIX asyryň ortasynda bolup geçen wakalary beýan edýän «Keseki» romanynyň esasynda Gowşutgeldi Daňatarow bilen Serdar Nepesowyň ýazan «Pereňli» sahna eserini görkezdiler, «Biz hökman duşuşarys» atly oýny Aşyrmuhammet Rahmanow sahnalaşdyrdy.


Eýran şasynyň gullugynda duran fransuz kartografy harby hereketler wagtynda türkmenlere ýesir düşýär. Blokwil guýa gaçan ýerli oglanjygy halas edenden soň oňa bolan duşmançylykly garaýyş kem-kemden dostana bakyşa öwrülýär. Ony hatyralap, hatda täze doglan çaga «Pereňli» ( ýewropaly) diýip at hem dakýarlar. Blokwiliň özem türkmenleriň dilini, däp-dessurlaryny, medeniýetini, ruhy gymmatlyklaryny öwrenip, oba adamlaryny ýürekden sarpa goýup ugraýar. Ony ýesirlikden boşadanlarynda adamlar oňa «Biz hökman duşuşarys» diýýärler.


Fransuz ýesiriniň keşbini artist Wasiliý Andronow döretdi. Belarusly tomaşaçylar we artistleriň daşary ýurtly kärdeşleri oýna gowy baha berdiler. Dürli ýurtlardan gelen teatr sungatyny öwrenijiler türkmen halkynyň däp-dessurlarydyr medeni ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýän oýnuň milliligine mynasyp baha berdiler.


- Festiwala gatnaşmagyň özi teatr tilsimleriniň we žanrlarynyň köp ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär, -diýip, Puşkin adyndaky teatryň baş ýolbaşçysy Aşyrmuhammet Rahmanow gürrüň berýär. - Meniň gören oýunlarymyň arasynda N. W. Gogolyň «Derňewçi» sahna eseri boýunça gruzin artistleriniň goýan oýny maňa güýçli täsir etdi. Biz ony gruziýaly kärdeşlerimizden tapawutlylykda nusgawy äheňde sahnalaşdyrdyk .

Puşkin adyndaky teatryň atistlerine «Ak Weža» XXI Halkara teatr festiwalynyň guramaçylaryndan mundan beýlägem Brestde geçirilýän teatr gözden geçirilişine gatnaşmaga çakylyk gowuşdy.