Ï Ýapyk tennis korty Aziada-2017-ä taýýarlyk synagyndan üstünlikli geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýapyk tennis korty Aziada-2017-ä taýýarlyk synagyndan üstünlikli geçdi

view-icon 1177
Aşgabatda üstünlikli tamamlanan ýaşlar tennis ýaryşy ýapyk tennis kortynyň we gullugynyň aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Aziada-2017-ä hem-de halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkiýeli halkara derejeli emin, ýaryşlaryň baş emini Erkan Tarhan Ahmediň belleýşi ýaly, Olimpiýa şäherjigi, hususan-da tennis kortlary, diňe bir Aziýanyň däl, eýsem dünýäniň şular ýaly kortlaryndan peslär ýaly däl.


Tennis – V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulan sport oýunlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem Olimpiýa şäherjiginde doly bahaly türgenleşik işlerini we dürli derejeli ýaryşlary geçirmek üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilendir. Ýapyk tennis korty (ölçegi 98,4 х 194,3 metr, beýikligi 30 metrden gowrak) köp ugurly sport toplumyna sazlaşykly utgaşýar. Synag ýaryşlaryna gatnaşan türgenler diňe bir arhitektura gurluşyna baha bermän, eýsem ýapyk arenanyň iň häzirki zaman tehniki üpjünçiligine hem baha bermäge mümkinçilik aldylar. Topluma arenalaryň ikisi ýerleşýär. Esasysy – tomaşaçylar münberli we bir sany tennis meýdançaly we ikinjisi – türgenleşmek üçin niýetlenen dört sany tennis kortly. Ýaryşlara münberlerden tomaşaçylaryň 4 müňüsi tomaşa edip bilerler.

Ýapyk tennis zalynda öňde duran Oýunlara gatnaşyjylar üçin ähli şertler döredilendir. Kortlaryň örtügi Uly şlem ýaryşyny – US OPEN-i üpjün edýän amerikanyň meşhur Deco Turf kompaniýasy tarapyndan öndürilendir. Bu kompaniýalaryň örtügi ýapyk arenanyň kortlarynda we Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän açyk tennis meýdançalarynyň sekizisinde ulanyldy. Fransiýanyň Babolat kompaniýasynyň hünärmenleri toplumy raketkalar we topjagazlar bilen üpjün etdiler. Mundan hem başga, türgenler üçin şahsy we umumy fiziki taýýarlyk üçin zallar, hammamlar, saunalar, owkalama otaglarynyň 8-si göz öňünde tutulandyr. Tennis oýnunyň janköýerleri üçin hem oňaýly şertler döredilendir. Sport toplumynyň her bir gatynda ýerleşýän oňaýly kafeleriň 170-den gowrak adamy kabul etmäge mümkinçiligi bardyr.