1926-njy ýylda Aleksandr Ostrowskiniň eseri boýunça nusgawy äheňde goýlan „Haram pullar“ sahna eseri teatryň taryhynda ilkinji oýun bolupdy. 2016-njy ýylyň teatryň şanly möwsümi-de nusgawy eser—Karlo Goldoniniň „Iki hojaýynyň hyzmatkäri“ oýny bilen başlandy.
Rus drama teatry diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş Orta Aziýada açylan ilkinji teatrdyr. Teatryň ýanyndaky mekdep-studiýa diňe bir özi üçin däl, eýsem ondan üç ýyl soň açylan Türkmen döwlet drama teatry (häzirki Baş drama teatry) üçinem ýaş aktýorlary taýýarlapdy.
Teatryň taryhynda gahrymançylykly döwürlerem boupdy. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwri aktýorlar uruş gidýän ýerlerde bolan konsert toparlaryna gatnaşypdylar. Şeýle hem, 1948-nji ýylda elhenç ýer titrmesinden birnäçe aý soň teatryň ýarysy weýran bolan jaýynda teatr möwsüminiň açylmagy aşgabatlylara güýçli täsir edipdi. Ol belli türkmen dramaturgy G. Muhtarowyň „Allanyň maşgalasy“ oýny bilen açylypdy.
Teatryň köp ýyllyk taryhynda onuň pese düşen we galkynan döwürlerem bolupdy. Baş režissýor Renat Ismailowyň aradan çykmagy döredijilik işgärleri we tomaşaçylar üçin öwezini dolup bomajak ýitgi bolupdy, çünki bu sahna ussadynyň zehini „daş ýarýar“ diýilýänlerdendi.
2004-nji ýyldan başlap teatrda aktýorlar we režissýorlar ýetmezçiligi duýdulyp başlady. Şonda-da döredijilik işgärleri ruhdan düşmediler: beýleki teatrlardan režissýorlar çagyryldy, esasy aktýorlaryň özi oýun goýup ugradylar. 2007-nji ýylda teatryň ýanynda mekdep-studiýa açyldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukertiň we beýleki sahna ussatlarynyň ýolbaşçylygynda studiýanyň okuwçylary aktýorlyk ussatlygynyň syrlaryny we tilsimlerini öwrenýärdiler. Netije garşylýanyndanam ýokary boldy: ýaşlaryň R. Kiplingiň „Maugli“ ertekisi we B. Wasilýewiň „Ertesi gün uruş başlapdy“ atly sahna eseri boýunça goýlan diplom we kurs işleri teatryň sahnasynda görkezilip, teatr muşdaklarynyň söýgüsini gazanypdy. Studiýanyň ilkinji uçurymlarynyň şowly oýny paýtagtymyzyň medeni durmuşynda üýtgeşik waka boldy. Şondan soň Puşkin adyndaky teatra aktýorlary taýýarlamaga haýyşnamalar gelip ugrady. Teatr-studiýa jemi 140 aktýor taýýarlady, olar dürli teatrlarda işleýärler.
Teatrda işleýän 30 aktýoruň altysy „Türkmenistanyň at gazanan artisti“ diýen hormatly ada mynasyp boldy. Işgärleriň üçden iki bölegi mekdep-studiýany tamamlan ýaş aktýorlardyr. Olaryň köpüsi baş keşpleri döredýärler. Teatryň baş režissýory Aşyrmuhammet Rahmanow olara öz zehini açyp görkezmäge, öz döredijilik ýoluny tapmaga mümkinçilik döredýär.
Soňky ýyllarda tearyň repertuary doly täzelendi. Onda dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň islegine laýyk gelýän dürli žanrlardaky we dramaturgiýa usully eserleriň 30-sy bar. Bu ýerde nusgawy eserleri sahnalaşdyrmak asylly däbe öwrülipdir. Şekspiriň „Otello“ we „Nadaranyň nogtalandyrylyşy“, Molýeriň „Skapeniň sapalagy“, Gogoluň „Öýleniş“, Çehowyň “Wodewiller agşamy“, Ostrowskiniň „Günäsiz günäkärler“, Goldoniniň „Iki hojaýynyň hyzmatkäri“ oýunlary häli-häzirem tomaşaçylaryň halaýan oýunlarydyr.
Teatryň döredijilik işgärleri türkmen dramaturglarynyň eserleini-de sahnalaşdyrýarlar. Bu ýörelge teatr döredileni bäri dowam edip gelýär. Häzirki wagtda B. Abdyllaýewiň „Umytlaryň döreýän ýeri“, A. Taganyň „Keseki“ romany esasynda G. Daňatarow bilen S. Nepesowyň „Pereňli“, Mollanepesiň „Zöhre-Tahyr“ dessany esasynda B. Amanowyň adybir sahna eseri, Andalybyň „Ýusup-Züleýha“ dessany esasynda G. Daňatarowyň we I.Stolbunowanyň adybir oýunlary görkezilýär.
Puşkin adyndaky teatryň oýunlary medeiýetleriň özara gatnaşygyny we döwrebaplygy şöhlelndirýän köpugurlylygy bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Aşgabatly teatr muşdaklary teatryň oýunlarynyň käbirine petek tapmagyň kynlygyny gowy bilýändirler... Bu bolsa tomaşaçylaryň teatryň sahna ussatlarynyň işine goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.