Paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda kikboksing boýunça milli ýaryşyň final duşuşyklary geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Aşgabatlylar has taýýarlykly gelendiklerini görkezip, birinji orunlaryň altysyna mynasyp boldular.
A.Kamalow (51 kilograma çenli agramlyk derejede), A.Annagurbanow (57 kilograma çenli agramlyk derejede), G.Abdyýew (63,5 kilograma çenli agramlyk derejede), Ş.Hallyýew (67 kilograma çenli agramlyk derejede), B.Annagylyjow (75 kilograma çenli agramlyk derejede) we M.Gurbanow (81 kilograma çenli agramlyk derejede) hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna galdylar. Olaryň ählisi şäher sport komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň wekilleri bolup durýar.
Lebaply kikboksçular N.Aýdogdyýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede), M.Najmutdinow (71 kilograma çenli agramlyk derejede), A.Jumakulyýew (86 kilograma çenli agramlyk derejede) we B.Çaryýew (91 kilogramdan ýokary agramlyk derejede) birinji ýere mynasyp boldular. Daşoguz welaýatyndan A.Amangeldiýew (54 kilograma çenli agramlyk derejede) hem altyn medala mynasyp boldy.
Kikboksing boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi A.Snagowskiniň gürrüň berşi ýaly, şu ýaryş ýaş türgenleri synap görmek maksady bilen guraldy. Munuň özi ýaş türgenleriň özlerini doly açyp görkezmekleri üçin zerur bolup durýar. Ýaryşyň netijeleri ýygyndy toparyň esasy düzüminiň ygtybarly binýadynyň bardygyny görkezdi. Munuň özi, zerur bolan halatynda, ýurdumyzyň esasy toparynyň üstüni täze güýçler bilen ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu ýygyndy topar iri halkara ýaryşlarda çykyş eder. Şol ýaryşlaryň biri dekabr aýynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek “Pýotryň Kubogy” ugrundaky bäsleşikdir.
Ýurdumyzda milli kikboksing mekdebiniň esasyny goýan ajaýyp türgen hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň guramaçysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýokary netijeler sportuny ösdürmek üçin köp işleriň edilýändigini baş tälimçi aýratyn nygtady. Biz milli Liderimiziň ýadawsyz aladasyna halkara sport giňişliginde ýokary netijeler bilen jogap bermelidiris. Ilkinji nobatda, ýene-de bir ýyldan hem azrak wagtdan soň Aşgabatda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmelidiris.
— Esasy zat, türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda tejribe toplaýarlar. Şu tejribäniň kömegi bilen ýokary netije gazanmak bolar. Biziň kikboksçularymyzyň uly sport mümkinçilikleri bar we ýygyndy toparyň tälimçiler düzümi ondan netijeli peýdalanmak üçin ähli tagallalary eder — diýip, Aleksandr Snagowskiý aýdýar.
“Pýotryň Kubogy” ugrundaky ýaryşyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndysy üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň ikisini guramak meýilleşdirilýär. Olaryň biri Köpetdagyň eteginde — Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, beýlekisi bolsa daşary ýurtda geçiriler.