Onda XIX—XX asyrlaryň senetçilik eserlerini täzeden dikelden häzirki zaman senetçileriniň işleri görkezildi. Olaryň hatarynda milli lybaslar, zerli keşdeler, zergärleriň nepis işleri, neçjarlaryň eserleri, derä çekilen şekiller, kalligrafiýa sungaty, saz gurallary bar. Häzirki döwürde senetçilik ösüş ýoluna düşdi. Halk ussalary asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleri saklap, sungat eserlerini döwrüň ruhuna laýyklykda ýerine ýetirýärler. Şunda milli şekiller we däp bolan usullar giňden ulanylýar.
Sergä gatnaşyjylar diňe bir bu ýerde görkezilýän gymmatlyklary synlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary taýýarlamagyň usullary hakynda hem köp zatlary bildiler. Şeýle hem bu ýerde Tatarystanyň taryhyna we häzirki döwrüne bagyşlanan şekillendiriş sungatynyň eserleri hem-de fotosergi guraldy. Suratlarda Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän gadymy Kazan şäheri barada hem gürrüň berilýär. Olarda Kazan Kremli, metjitler we buthanalar, baý muzeýler hem-de kitaphanalar, ösen düzüm görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we diplom hem-de medal bilen sylaglanyldy. 2009-njy ýylda Kazan şäheri resmi taýdan “Russiýanyň üçünji paýtagty” diýen hukuga eýe boldy.
Sergide iki dostlukly halkyň gatnaşyklarynyň ösüşi barada gürrüň berýän fotoişler hem bar. Bu ýerde, serginiň türkmen bölüminde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergi hem guralypdyr. Onda ajaýyp türkmen halylary, milli lybaslar, bezeg şaýlary, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa gymmatlyklary, Şekillendiriş sungaty muzeýine degişli eserler, ýaş suratkeşleriň işleri görkezilýär. Neşir önümleriniň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bagyşlanan işleri, halkymyzyň taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän kitaplar goýlupdyr.