Ï Türkmenistanyň çeperçilik sungaty muzeýinde nakgaş Öwezdurdy Töräýewiň işleiniň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň çeperçilik sungaty muzeýinde nakgaş Öwezdurdy Töräýewiň işleiniň sergisi açyldy

view-icon 824
Tanymal nakgaşyň döredijiliginde manzar suratlary esasy orun tutýar. Suratkeşiň aýtmagyna görä, ol molbertini arkasyna alyp, Köpetdagyň eteklerine, türkmen topragynyň beýleki gözel ýerlerine seýran etmekden aýratyn üýtgeşik lezzet alýar. Şeýle syýahatlardan soň Köpetdaga, Köýtendaga, Garrygala, Aýderä, Badhyza, Çelekene... bagyşlanan eserler döredi.

Ençeme ýyllaryň döredijiliginden Öwezdurdy Töräýewiň hut özüne mahsus surat çekiş usuly kemala geldi. Ol çekýän zadyny takyk beýän etmeýär-de, gören zadyny duýgulara baý hem hoşniýetli dünýägaraýyş eleginden geçirýär. Şonuň üçinem onuň manzarly eserlerinde erkin gözellik, reňkleriň goýraslygy we duýgularyň täsirliligi duýulýar. Badhyz suratkeşiň iň halaýan künjegi. Sergide bu tapgyrdan çekilen eserleriň birnäçesi bar. Meselem, „Badhyz. Ýeroýlanduz“ suratynda Öwezdurdy Töräýew tebigatyň şahyrana nepisligini inçelik bilen beýän edýär. Gözýetime sary uzap gidýän depeler ulgamy, hamala, bir zamanky galanyň bölekleri kimin, alymlaryň aýtmagyna görä, gadymy wulkanyň kraterinden dörän oýy çölden goraýan ýaly bolup görünýär. Möwç urýan durmuşdan we nurdan doly ajaýyp tebigatyň nepis gözelligi seni haýran edýär. Kerwen gurap barýan durna sürüsi-de, ürkejik keýiklerem, hatda gülleriň ysy ýaýran gülzarlyklaryň howasy-da edil ýakyndan duýulýana meňzeýär.




Nakgaş: „Manzaram, edil adam kimin kä gussaly, kä-de şadyýan. Ol howa, ýylyň paslyna, nakgaşyň keýpine bagly bolýar“- diýýär. Öwezdurdy Töräýew Garrygalanyň eteklerinde gezip ýörkä „Şywlan ata“ diýlen keramatly ýere barýar.... Magtymguly hem şygyrlarynyň birinde Allahyň mübärek nuruny zarlap gezen ýetginjegi ýatlaýar. Ol muny Gudraty Güýçliden yhlas bilen dilänsoň onuň dilegi kabul bolýar, ýöne oňa derek janyndan jyda düşär, daş-töweregem gara-ört bolýar. Şondan bäri bu ýerlere „Garagala“ diýýärler, ýetginjegiň Hudaýyň mübärek keşbini gören jaýy „Şywly“ diýilýän keramatly ýer bolup galýar.



Öwezdurdy Töräýew 1941-nji ýylda Baýramaly şäherinde dünýä inýär. Onuň çagalygy kynçylykly agyr uruş we uruşdan soňky ýyllara gabat gelýär. Surat çekmäge höwesi joşup dursa-da, kagyzdyr reňk gytlygy zerarly ol...çöp bilen ýer çyzyp surat çekmeli bolýar. 1958-nji ýylda Öwezdurdy Töräýew şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky ýörüte çeperçilik mekdebine okuwa girýär.

Sergide nakgaşyň çeken portretleri-de goýlupdyr. „Ötegçi pursatlary beýan etmegiň ussady“ öz işlerinde gahrymanynyň duýguýlaryny nepis görkezmäge çalyşýar.

Öwezdurdy Töräýewiň döreden işlerini synlaýanlaryň göwni çaglanyp, olar çuň oýa batýarlar, çünki suratkeşiň özü-de synçy, maksada okgunly, döreden keşpleri arkaly sungat muşdaklary bilen söhbetdeşlige ymtylýan nakgaş.