Aleksandr Ostrowskiniň eseri esasynda 1926-njy ýylda goýlan “Aňsat gazanylan pul” atly spektakl teatryň taryhynda ilkinji spektakl boldy. Teatr 2016-njy ýylda - ýubileý möwsüminde däp boýunça Karlo Goldonyň “Iki hudaýyň hyzmatkäri” atly eseri boýunça nusgawy eserlere ýüzlendi. Teatryň bu žanra ýüzlenmegi onuň aň-bilim ugruny beýan edýär. Rus döwlet drama teatry ilkinji açylan wagtynda diňe bir Türkmenistanda ilkinji teatr bolman, eýsem bütin Orta Aziýa boýunça hem ilkinji açylan teatrdy. Teatryň ýanynda işleýän mekdep-studiýasy hem öz sahnasy üçin, hem-de ondan 3 ýyldan soňra açylan Türkmen Döwlet drama teatry (häzirki Baş drama teatry) üçin hem ýaş aktýorlary taýýarlaýardy.
Puşkin teatrynyň terjimehalynda gahrymançylykly sahypalar hem bar. Olaryň biri – onuň aktýorlarynyň 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna konsert toparlary bilen gatnaşmaklarydyr. Beýleki, 1948-nji ýylda bolup geçen aýylganç ýer titremesinden birnäçe aýdan soňra ýarym ýumrulan jaýda teatryň möwsüminiň açylmagydyr. Möwsümi dramaturg G.Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasy” spektakl açdy. Döredijilik topary öz jebisleşdirýän işine düşünýärdi we onuň hötdesinden üstünlikli gelmegi hem başardy. Teatryň köp ýyllyk taryhynda döredijilik işjeňliginiň peselen we beýgelen döwürlerini başdan geçirdi. Baş režisýor Renat Ismaýylowyň durmuşdan ötmegi döredijilik topary üçin öwezini dolup bolmajak ýitgi boldy. Sebäbi ol sahna sungatynyň zehinli ussadydy.
2004-nji ýyldan başlap teatrda aktýor we režisýor işgärleriniň örän ýetmezçilik etýändigi duýlup başlandy. Ýöne döredijilik topary el gowşuryp oturmady: beýleki teatrlardan režisýorlary çagyrdylar, belli aktýorlar spektakllary goýdylar. 2007-nji ýylda teatryň ýanynda mekdep-studiýa açyldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukertiň we sahna ussatlarynyň ýolbaşçylygynda studiýaçylar aktýorluk ussatlygynyň syrlaryny we aýratynlyklaryny ele aldylar. Netije garaşylandan ýokary boldy: ýaş toparyň – R.Kiplingiň ertekisi boýunça “Maugli” we B.Wasilýewiň pýesasy boýunça “Ertir uruş başlandy” ýaly diplom we ýyllyk işleri teatryň sahnasynda üstünlikli geçirildi. Studiýanyň ilkinji uçurymlarynyň üstünlikli çykyşlary paýtagtyň teatr durmuşynda belli waka boldy. Puşkin teatryna aktýorlary taýýarlamaga buýurmalar gowşup başlady. Mekdep-studiýa tarapyndan jemi dürli sahna meýdançalarda işleýän aktýorlaryň 140-sy ýetişdirildi.
Teatryň toparynda aktýorlaryň 30-dan gowragy işleýär, olaryň altysy “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Toparyň üçden iki bölegini ýaş aktýorlaryň – mekdep-studiýasynyň uçurymlarynyň düzýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Olaryň köpüsi baş keşpleri ýerine ýetirýärler. Teatryň baş režissýoryAşyrmuhammet Rahmanow olara özleriniň aktýorluk ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, döredijilik başlangyçlaryny beýan etmäge mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda teatryň repertuary doly täzelendi. Ol tomaşaçylaryň dürli nesilleriniň bildirýän talaplaryna jogap bermek bilen, dürli žanrly we dramaturgiýa stilistikaly spektakllaryň 30-ny öz içine alýar. Nusgawy eserlere ýüzlenmek üýtgewsiz galýar. “Otello” we “Keçjallyk bilen boýun egdirme” (Şekspir), “Skapeniň degişmesi” (Molýer), “Öýlenmek” (Gogol), “Wodewil agşamy” (Çehow), “Günäsiz günäkärler” (Ostrowskiý), “Iki hudaýyň hyzmatkäri” (Goldoni) spektakllary öňküsi ýaly tomaşaçylar tarapyndan uly üstünlikden peýdalanýarlar. Puşkin teatrynyň döredijilik topary türkmen dramaturglarynyň eserlerine ýygy-ýygydan ýüzlenýärler. Bu däp teatr esaslandyrylany bäri dowam edip gelýär. Bu ýerde B.Abdyllaýewiň pýesasy boýunça “Ynam döreýän ýerde”, G.Daňatarowyň we S.Nepesowyň “Pereňli”, A.Atajanyň powesti boýunça “Keseki”, B.Amanowyň Mollanepesiň adybir dessany boýunça “Zöhre we Tahyr”, G.Daňatarowyň we I.Stolbunowanyň Andalybyň “Ýuzup we Züleýha” dessany boýunça “Mukaddes söýgüniň çagyryşy” ýaly spektakllar görkezilýär.
Medeni söhbetdeşligi we wagtyň sazlaşygyny köp ugurly, döwrebap janly beýan edýändigi üçin hem Puşkin teatrynyň döredijiligi özüne çekiji. Aşgabatly teatry söýüjiler Puşkin teatrynyň sahnalaşdyrýan oýunlaryna sabyrsyzlyk we uly gyzyklanma bilen garaşýarlar, ony yzygiderli ünsde saklaýarlar. Sebäbi olar öz gowy görýän spektakllaryna biletleriň hemişe tapdyryp durmaýandygyna düşünýärler... Bu bolsa tomaşaçylaryň ykrar etmekleriniň, ynanmaklarynyň we söýgüleriniň iň gowy şaýady bolup durýar.