Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanan «Arşyň nepisligi» kitaby esasynda adybir sahna oýnuny Urmatkan Meläýewa goýdy.
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täçgeldi Gutlyýew halkymyzyň nepis el işiniň döreýşine we ösüşine pelsepewi-sungaty öwreniş nukdaý-nazaryndan ýazylan eserden ruhlanyp, sahna eserini ýazdy we ony režissýor Urmatkan Meläýewa teklip etdi. Ol ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Anna Mele bilen bilelikde täze sahna eserini sahnalaşdyrmaga girişdi. Ilkibada olar teatryň ýaş artistleriniň şeýle saldamly eserden baş alyp çykjagyna ikirjeňlendiler. Dramaturgiýa-da, sahna bezegi-de, aktýorlaryň ussatlygy-da döwlet baştutanynyň eseriniň many taýdan çuňňurlygyna, taryhy babatda uly möçberliligine we çeperligine laýyk gelmelidi.
Urmatkan eseri sahnada goýanda ruhy mirasyň we milli däp-dessurlara sarpa goýmagyň jebbisleşdiriji ähmiýetini nygtaýan ýordumlary takyk ulanmagyň hötdesinden gelipdir. Oýunda Türmenistanyň döwlet medeniýet institutynyň drama we kino artýory hünäri boýunça bilim alýan ikinji ýyl talyplary çykyş edýärler. Baş keşpleri-zehinli ýaşlar How enäniň keşbini Şeýda Gurbanowa we Adam atanyň keşbini Parahatgeldi Ezizow ýerine ýetirýärler.
Sahna oýnunda Injil ýordumlary, halk rowaýatlary we haly sungatynyň taryhyna özboluşly garaýyş sazlaşykly utgaşýar. Üýtgeşik režissýorlyk çözgütleri, gelşikli egin-eşikler we özboluşly sahna bezegi, döwlet baştutanynyň „Arşyň nepisligi“ eseriniň esasy manysyny - türkmen halysynyň jadyly sungatdygynyň, nepisliginiň we reňk sazlaşygynyň milletiň zehin-ukybyndan, medeniýetiniň özboluşlylygyndan we ruhy baýlygyndan kemala gelenligini nygtap, ony takyk beýan edýän owazly saz bezegi hem jüpüne düşüpdir.