Şu gün agşamara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlyk güni mynasybetli konsert çykyşlary boldy. Bu ýere paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar.
Dabara aýdym-saz sahnasynyň ýyldyzlary, ussat we ýaş estrada ýerine ýetirijileri, şol sanda “Ýaňlan, Dyýarym!—2016” bäsleşiginiň ýeňijileri, “Aşgabat” orkestri, “Serpaý” we “Laçyn” folklor toparlary, “Meňli” we “Näzli” tans toparlary, “Läle” gyzlar topary hem-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory gatnaşdylar.
Garaňky düşmegi bilen baýramçylyk salýutynyň gümmürdileri ýaňlandy we gijeki asmanda “Älem” merkeziniň syn ediş ägirt uly çarhynyň depesinde müň dürli reňkli öwüşginler peýda boldy. Garaşsyzlyk güni mynasybetli feýerwerkler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde hem gijeki asmany bezedi.