Ï Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi

view-icon 1315
Naberežnyýe Çelny şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen nusgawy guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynyň hem-de göreş boýunça III dünýä çempionatynyň barşynda türkmen pälwanlary medallaryň 36-syny gazandylar. Ikinji göreş nusgasy boýunça ýaryşlarda biziň watandaşlarymyz umumy toparlaýyn bäsleşiklerde birinji orny eýeläp, altyn medallaryň 12-sine, kümüş medallaryň 9-syna we bürünç medallaryň 3-sine mynasyp boldular.

Tatarystan Respublikasyna dünýäniň 40-a golaý ýurdundan türgenleriň 250-den gowragy ýygnandy. Ýaryşyň öň ýanynda russiýaly hünärmenler türkmen pälwanlarynyň ýer eýeleriniň esasy bäsdeşleri boljakdygy barada çaklamalaryny aýtdylar. Bu şeýle hem boldy. Ol diňe türkmen göreşi boýunça däl-de, eýsem, guşakly göreş boýunça hem (erkin göreş) şeýle boldy. Şonda türkmenistanlylar 3 sany altyn, 6 sany kümüş we 1 sany bürünç medallary gazandylar.


Zuhra Madraimowa (58 kilograma çenli agram derejesinde) we Nasiba Surkiýewa ýaryşlaryň “gahrymanlary” bolup, her haýsy altyn medallaryň ikisini gazanmagy başardy. Şeýle hem Laçyn Badaglyýewa (52 kilograma çenli) we Gülnar Haýytbaýewa (66 kilograma çenli) 2 medaldan (altyn we kümüş) aldylar. Maksuda Egemberdiýewa (76 kilogramdan ýokary) bolsa iki gezek hormat münberiniň 3-nji basgançagyna çykmagy başardy.

Göreş boýunça ýaryşlarda jemleýji tutluşyklaryň köpüsinde türkmen pälwanlary bäsleşdiler. Mysal üçin, 1-nji we 2-nji orunlary öz aralarynda degişlilikde, Allanur Goçow we Şatlyk Myradow (57 kilograma çenli), Toýlymyrat Durdymyradow we Begenç Ýagmyrow (68 kilograma çenli), Jangeldi Medow we Ýagşymyrat Annamyradow (75 kilograma çenli), Hanmuhammet Patdyýew we Toýlymyrat Aýazow (82 kilograma çenli), Arslan Ybragimgulyýew we Murgapgeldi Atdaýew (90 kilograma çenli), Seýdi Batyrow we Kerim Gurbanow (100 kilograma çenli), Annamyrat Myradow we Myrat Jumaýew (100 kilogramdan ýokary) paýlaşdylar.


62 kilograma çenli agram derejesinde nobatdaky ýeňşi gazanan Tirkişgeldi Aýazow göreş boýunça dünýäniň 3 gezek çempiony boldy. Türkmenistanlylar ýene-de bir altyn medaly nusgawy görnüşdäki guşakly göreş boýunça bäsleşiklerde gazandylar. Bu göreşiň düzgünleri boýunça aýak bilen badak salmak gadagandyr. Şunda Medet Hallygurbanow (68 kilograma çenli) tapawutlandy.