Ï «Görogly» şadessany — milli we dünýä ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Görogly» şadessany — milli we dünýä ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi

view-icon 7655
Paýtagtymyzda “Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan maslahatyň guramaçysy hökmünde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çykyş edýär.

Milli Liderimiziň döwletimizi ösdürmegiň täze tapgyrynda öňe süren ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek wezipeleri bolup, olar adamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Hut şu maksatlar daşary ýurt ylmy toparlarynyň wekilleriniň — dünýäniň on bäş ýurdundan iri medeni merkezleriň ýolbaşçylarynyň, taryhçylaryň, gündogary öwrenijileriň, sungaty öwrenijileriň, dilçileriň hem-de edebiýatşynaslaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň hünärmenleriniň ünsüni özüne çeken maslahatyň esasyny düzýär.


Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň çözgüdi esasynda “Görogly” şadessany adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýeri gelende aýtsak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň ýadygärlikleri hem girizildi.

“Görogly” şadessany — bu ady rowaýata öwrülen Göroglynyň we onuň kyrk ýigidiniň edermenligini beýan edýän tymsallar däbidir. Ýurdumyzda dessan aýdyjylar şol däbi dowam edýärler. Şadessany ýerine ýetirmek onuň şahalaryny gürrüň bermegi, ýerine ýetirilmegini, aýdym edilip aýdylmagyny hem-de sazyň üsti bilen beýan edilmegini öz içine alýar.

“Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, käbir ministrlikleriň hem-de edaralaryň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, medeniýet işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler, onda milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen gutlap, onuň öňünde durýan esasy wezipäniň bu gymmatly eseriň dünýä medeniýetindäki ornunyň we ähmiýetiniň näderejede uludygyny açyp görkezmekden, şadessanda beýan edilýän umumadamzat bähbitli garaýyşlaryň many-mazmunyny çuňňur öwrenmekden hem-de dünýä ýaýmakdan ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Görnükli edebi ýadygärligi köptaraplaýyn öwrenmek işinde halkara maslahatyň ähmiýeti umumy mejlise gatnaşyjylaryň — ÝUNESKO-nyň hem-de Belgiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan bolan ylmy toparlaryň wekilleriniň çykyşlarynda beýan edildi.


Pikir alyşmagyň barşynda medeniýetleriň özara täsiriniň, halk däplerini, döredijiligini öwrenmegiň, maddy däl ruhy mirasy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygy bellenildi.

Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara ylmy gatnaşyklar, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin täze mümkinçilikleriň açylandygy bellenildi, muňa bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ylym we medeniýet ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ýardam etdi.

Göroglynyň taryhy we edebi keşbi maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolup, şadessanyň Gündogaryň ýurtlarynyň edebiýatynyň ösmegine täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Eseriň dowamlylygy bolsa onuň çeper we terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Türkmen bagşylary Görogly hakynda rowaýatlary nesilden-nesle geçirip, olary özboluşly aýdym sungaty bilen bezäpdirler, bu sungat dessançylyk ussatlygynyň ýerine ýetirijilik mekdebini[ aýdyň ýüze çykmagydyr.

Rowaýatyň giňden ýaýramagynda onuň iki görnüşi: kyssa we aýdym görnüşi uly orun eýeläp, gahrymanyň köptaraplaýyn şahsyýetini açyp görkezýär. Şadessanyň kyssa böleginde Görogly serkerde, adalatyň tarapdary, ygtybarly, şahandaz adam hökmünde görkezilse, aýdymly böleginde şahyr, bagşy, sazanda hökmünde häsiýetlendirilýär.


Ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň bu gymmatly esere bolan uly gyzyklanmasy onuň milli hem-de dünýä medeniýetiniň ösüşine oňyn täsiri bilen berk baglanyşyklydyr. Rowaýaty gürrüň bermekde jemlenen belent dünýägaraýyşlary hem-de dürli dillerde ýaňlanan gymmatlyklar şadessanyň häzirki döwürde giňden meşhur bolmagyna ýardam etdi.

Medeni mirasy aýawly saklamak işinde tejribe alyşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildiren daşary ýurtly ylmy toparlaryň wekilleri türki halklaryň dünýäniň dürli sebitlerinde ýaşasa-da, umumy milli, ruhy we taryhy kökleri bilen birleşýändigini, olaryň özara gatnaşyklarynyň bolsa medeniýetleriň baýlaşmagyna ýardam edýändigini bellediler.

Görnükli edebi eser barada söhbet günüň ikinji ýarymynda üç bölümiň işiniň barşynda dowam edip, olarda türkmen şadessanynyň çeşmelerini öwrenmegiň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyşlaryň birnäçesi folklor-epiki eseriň häsiýetini we taryhyny seljermäge, özboluşlylygyna, keşpleriniň mazmunyna we şahyrana nusgasyna bagyşlandy. Türkmeniň orta asyr döwrüniň edebi ýadygärliklerini öwrenmek hem-de eseri dünýäniň dürli dillerine terjime etmek bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy.

Çykyş edenler türkmen halkynyň ykbalyny özünde suratlandyran şadessanyň uly terbiýeçilik ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Görogly hakynda rowaýatlar Watanyň abraýy we azatlygy ugrunda göreşen gaýduwsyz pälwanlaryň gahrymançylygy hakynda gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, özboluşly ahlak ýörelgesi hem bolup durýar. Saza geçirilen wesýetler, çagyryşlar, monologlar we gepleşikler türkmeniň ençeme neslini Watana bolan söýginiň ruhunda terbiýeläp gelýär. Maslahata gatnaşyjylar “Görogly” şadessanyny öwrenmegiň möhümdigini nygtap, onuň tutuş adamzadyň örän gymmatly baýlygy bolup durýandygyny biragyzdan bellediler.


Alymlaryň çykyşlarynda türkmen halkynyň ýokary ahlak we ruhy garaýyşlarynyň beýany, döredijiliginiň adaty däl çuňlugynyň subutnamasy bolan “Görogly” şadessanynyň dünýäniň ruhy-aň ösüşiniň ähmiýetli eserleriniň biridigi bellenildi. Bu eseri hemmetaraplaýyn öwrenmäge berilýän üns ony aýawly saklamak hem-de geljekki nesillere hakyky görnüşinde ýetirmek maksadynda medeni mirasy öwrenmek zerurlygy bilen baglydyr.

Gündogaryň halklarynyň çeperçilik pikiriniň ösmegine uly täsirini ýetiren “Görogly” şadessanynyň ähmiýeti taryhy hem-de milli çäklerden alyslara çykýar. Şonuň üçin bu ugurda geçirilen ylmy-barlag işleri bize ýazuw görnüşinde gelip ýeten şadessanyna düşünmegiň açary bolup hyzmat edip biler.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhy mirasyny düýpli öwrenmäge, parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi berkitmegiň bähbidine halklaryň hem-de olaryň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna ýardam edýän netijeli ylmy gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini biragyzdan bellediler.

Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide amaly-haşam sungatyň eserleri, häzirki döwrüň suratkeşleriniň işleri görkezildi. Şol işlerde ýurdumyzyň binagärlik ýadygärlikleri, tebigy görnüşler, türkmenleriň we beýleki milletleriň durmuşy suratlandyrylýar.

Serginiň agramly bölegini zergärleriň, eli çeper halyçylaryň, keramikaçylaryň we çeper senetleriň beýleki ussatlarynyň täsin eserleri düzdi. Olar milli däp-dessurlaryň yzygiderliligini aýdyň görkezdi.


Serginiň aýratyn bölümi meşhur halk bagşylarynyň, saz ussatlarynyň, türkmen halk sazyny we nusgawy şygyrlaryny wagyz edijileriň döredijiligine bagyşlanyldy. Aýawly saklanan gymmatlyklar ýüz ýyldan gowrak döwri gurşap alyp, halk döredijiliginiň görnükli wekilleri barada gürrüň berýär.

Serginiň kitaplar bölüminiň esasyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri düzdi. Olar öçmejek milli gymmatlyklary —okgunly ahalteke bedewleri, ajaýyp türkmen halylary, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada gürrüň berýär. Milli Liderimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” hem-de “Türkmenistan” atly täze kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryna baryp gördüler. Onuň sahnasynda “Saýathan” operasy görkezildi. Milli öwüşginlere beslenip, özüneçekiji sazly eser tomaşaçylara türkmen däp-dessurlarynyň we adatlarynyň özboluşlylygyny duýmaga mümkinçilik berdi.

Ertir halkara ylmy maslahat öz işini dowam eder. Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar “Görogly” şadessanyny ýerine ýetirýän türkmen dessançy bagşylarynyň we daşary ýurtly aýdymçylaryň bilelikdäki dostluk konsertine tomaşa ederler.