Ï Paýtagtymyzyň «Olimp» mekdebi — ýaş türgenleri taýýarlaýan merkez
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň «Olimp» mekdebi — ýaş türgenleri taýýarlaýan merkez

view-icon 2523
Gökje sport toplumynda 2002—2003-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi, oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Umumytoparlaýyn hasapda paýtagtymyzdaky “Olimp” sport mekdebinde tälim alýanlar birinji orny eýelediler.

Aşgabatly türgenler dört altyn, bäş kümüş we bäş bürünç medallara eýe boldular. Bagtyýar Paşyýew (46 kilograma çenli), Daýanç Guwanjow (50 kilograma çenli), Kemal Annadurdyýew (58 kilograma çenli) hem-de Gadam Hojakow (63 kilograma çenli) birinji orny eýeledi.


Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Raşid Rustamowyň hem-de tälimçiler Begmyrat Kakabaýewiň we Ýakup Mazakowyň tälim berýän ýaş türgenleri indi köp ýyllaryň dowamynda milli derejeli ýaryşlarda öňdäki orny eýeläp gelýärler. Munuň özi paýtagtymyzdaky “Olimp” sport mekdebini erkin göreş boýunça zehinli ýaşlary ýetişdirýän esasy merkez diýip atlandyrmaga mümkinçilik berýär, onda tälim alanlaryň köpüsi ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzümine girýär.

Amangeldi Annarejebowyň tälim berýän Aşgabadyň ikinji topary ikinji orny eýeledi. Olaryň hasabynda Döwletgeldi Garryýewiň (54 kilograma çenli) we Atamyrat Çarlyýewiň (76 kilograma çenli) eýe bolan iki altyn medaly bar. Balkan welaýatynyň ýaş türgenleri üçünji orny eýelediler, balkanly türgenleriň hatarynda Rüstem Tuwakberdiýew (85 kilograma çenli) ýeňiş gazandy. Şeýle hem daşoguzly türgen Reýimbaý Kazakow (42 kilograma çenli) we lebaply türgen Döwletmyrat Meýmankulyýew (69 kilograma çenli) hem altyn medaly eýeledi.


Bu ýaryşyň jemi boýunça iri halkara bäsleşiklere taýýarlyk görýän milli ýygyndy toparymyzyň düzümi kesgitleniler. Geljek ýylyň başynda Belarusuň paýtagty Minskide ýetginjek türgenleriň gatnaşmagynda iki ýaryşy — suw astynda işleýän deňizçileriň ýadygärligine (ýanwar aýy) hem-de üç gezek Olimpiýa çempiony Aleksandr Medwediň baýragy ugrundaky (fewral aýy) bäsleşikler geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda milli derejeli ýene bir ýaryşa, ýagny 2—4-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda geçiriljek erkekleriň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görülýär. Mälim bolşy ýaly, erkin göreş ýene bir ýyla golaý wagtdan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem öňde boljak ýaryşlar diňe bir Aziada—2017-niň çäklerde ýaýbaňlanjak bäsleşiklere taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolmak bilen çäklenmän, şol bäsleşiklerde çykyş etjek ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň deslapky düzümini düzmekde hem esas bolup hyzmat eder.