Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti boldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynyň kökleri örän gadymy döwürlere uzalyp gidýär. Ençeme asyrlar mundan ozal biziň ýurtlarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň gurşawynda bolup, Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň arasynda diňe bir söwda aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin däl, eýsem, uly Ýewraziýa giňişliginde medeniýetleriň özara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açdy.
Dostlukly ýurtda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin özbek paýtagty bilen birlikde Buharanyň saýlanylmagy ýöne ýerden däldir. Buhara özüniň täsin taryhy-binagärlik ýadygärliklerinde we muzeý gymmatlyklarynda biziň halklarymyzyň Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly bolan döwürleriniň gymmatly subutnamalaryny saklan Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biridir.
Taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy häzirki zaman şertlerinde doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, olaryň özara düşünişmeginiň berkemegine, döredijilik gatnaşyklarynyň giňemegine ýardam edýän möhüm ýagdaý bolup durýar. Munuň özi häzirki uly möçberli çärede öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler özbek paýtagtynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny halkymyzyň özboluşly ajaýyp döredijiligi, häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrdy. Meşhur sazandalaryň we aýdymçylaryň, belli folklor-horeografiýa toparynyň çykyşlary, türkmen kinofilmleriniň görkezilmegi, amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, iki dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşygy ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryny görnetin giňeltdi.
Şunuň bilen baglylykda, forumyň geçirilmeginde we umuman, iki halkyň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan köp sanly türkmenleriň tutýan işjeň ornuny bellemek gerek. Häzir dostlukly döwletiň dürli sebitlerinde ildeşlerimiziň ýüzlerçe müňi ýaşaýar, ýurduň çäklerinde türkmen medeniýet merkezleriniň ýedisi hereket edýär. Özbegistanyň mekdepleriniň 42-sinde okuwlar türkmen dilinde alnyp barylýar. Şeýle hem mugallymçylyk we lukmançylyk kollejleriniň okuwçylary, Garagalpak döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň talyplary ene dilinde bilim alýarlar. Kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň “Mekan” diýen gazeti bar, ýurtda türkmen dilinde ýaýlyma berilýän tele we radioýaýlymlar bar. Biziň ildeşlerimiz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bolmak bilen, iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýarlar.
Şu gün halkymyzyň medeniýeti bilen tanyşlyk Buharada dowam etdi. Şäheriň Muhtar Aşrafi adyndaky sungat kollejinde türkmen kino sungatynyň nusgawy eseri bolan “Şükür bagşy” kinofilmi görkezildi. Ol 1964-nji ýylda N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda režissýor Bulat Mansurow tarapyndan surata düşürildi. Bu rowaýat-film milli kinonyň taryhynda aýratyn orun tutýar, ol bütin dünýä boýunça yzygiderli görkezildi. Sungatyň hemme kynçylyklary ýeňip geçýän güýçdigi baradaky pikir kinofilmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ajaýyp kompozitor Nury Halmämmedowyň filmde ýaňlanýan hem-de soňlugy bilen dünýäde meşhur eserleriň birine öwrülen sazy munuň iň oňat subutnamasydyr.
Ady rowaýata öwrülen sazandanyň keşbi türkmenler üçin ähmiýetlidir. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şükür bagşa bagyşlanan “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitabynda-da aýdylýar. Milli Liderimiz görnükli sazandanyň keşbini açyp görkezip, sungatyň parahatçylyk dörediji wezipesi baradaky onuň özeninde duran pikiriň umumadamzat mazmunyny nygtaýar. Hut şu pikir medeniýet ulgamynda ýurdumyzyň geçirýän halkara çäreleriniň many-mazmunyny kesgitleýär. Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň günleri munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Buharada ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bu şäher-muzeýiň gözellikleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde orta asyrlaryň 140-dan gowrak binagärlik ýadygärlikleri ýerleşýär. Şäheriň taryhy merkezi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Özüniň müňýyllygyny bellän Samanidler aramgähi, Koş-Madras, Kalon minarasy we Poi-Kalýan binagärlik toplumy ýaly binalar, takmynan, 2300 ýyl mundan ozal gurlupdyr. Orta asyryň bu medeni merkezi bilen köp türkmen alymlarynyň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň atlary baglanyşyklydyr.
Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we özbek halklarynyň sungat ussatlarynyň konserti Buharanyň täze medeni merkezleriniň birinde geçirildi. Dabaranyň barşynda nygtalyşy ýaly, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri medeni-bilim gymmatlyklaryny mundan beýläk-de alyşmak, hünär gatnaşyklaryny ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etmek bilen, halklarymyzyň neneňsi ýakyndygyny hem-de olaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge islegleriniň neneňsi uludygyny görkezdi.
Bu ýere ýygnananlar parahatçylygyň, goňşy ýurtlaryň dostlugynyň has-da rowaçlanmagynyň bähbidine ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi üçin iki döwletiň ýolbaşçylaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmen wekiliýeti mähirli kabul edilendigi hem-de döredijilik forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin özbek dostlaryna hoşallyk bildirdi.
Iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti döredijilik çäresiniň jemleýji bölegine öwrüldi. Konsert maksatnamasyny “Dehistan” toparynyň ýerine ýetiren “Türkmenistan — dost-doganlyk mekany” atly kompozisiýa açdy. Artistler sazyň we tansyň dili bilen parahatçylyk dörediji, dostlar üçin açyk bolan ýurdy — mähriban Watanymyzy wasp etdiler. Gadymy saz gurallarynyň mümkinçiliklerini örän oňat görkezen halk sazandalarynyň çykyşlary döredijilik agşamyny bezedi.
Türkmen halk aýdymlary diňleýjiler tarapyndan aýratyn mähir bilen garşylandy. Häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler täze taryhy eýýamyň maksatlaryny wasp edýän eserleri özbek tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetirdiler. Özüneçekiji hereketlerinde türkmen we özbek artistlerini birleşdiren gadymy küştdepdi tansy konsertiň iň ajaýyp çykyşlarynyň biri boldy. Bu çykyş ruhlary joşan tomaşaçylaryň halkymyzyň sungaty bilen ajaýyp duşuşygy sowgat eden zehinli sahna ussatlaryna uzak wagtlap şowhunly el çarpmagyna getirdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sahna çykdylar. Konsert zalynyň sahnasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa — ady we alyp barýan işi häzirki zaman Türkmenistanyň hemme üstünlikleri, milli sungatyň gülläp ösüşi bilen baglanyşykly bolan halkymyzyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüni döredijä bagyşlanan “Arkadagym” diýen watançylyk aýdymy ýaňlandy.
Gadymy we baky juwan Buharadaky bilelikdäki konsert Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasyny jemläp, doganlyk halklaryň döredijiliginiň we dostlugynyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi.