Ï Awiamodel sporty boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awiamodel sporty boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi tamamlandy

view-icon 1234
Dürli derejeli modelleri uçurmaklyga paýtagtyň awiamodelçiler, şeýle hem Ahal welaýatynyň, Türkmenbaşy we Mary şäherleriniň wekilleri gatnaşdylar. Güýzki startyň çäklerinde üçünji – radiodolandyryş elektrouçuş boýunça Türkmenistanyň Kubogyny alamak ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyry geçirildi.


Ýaryşyň ilkinji gününde awiamodelçiler modelleriň erkin uçýan klasy boýunça ýaryşdylar. Rezin “hereketlendirijili” uçurulýan kiçijiki gurluşlar uzak uçuşy amala aşyrýarlar. Ýaryşyň bu görnüşinde awiamodel sportunyň weterany Türkmenbaşyly Waleriý Degtýarýewyň “rezinhereketlendirjisi” hemmeleriňkiden gowy çykyş etdi. Planýor modelleriň uçurylyşynda aşgabatly sport ussatlygyna kandidat Gajy Tuçkus ýeňiji boldy. Shematiki modelleri gurnan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Didar Hojagulyýew iň gowy netije görkezmegi başardy.

Ýaryşlaryň ikinji gününde ýurduň iň güýçli awiamodelçileri Türkmenistanyň göçme kubogy we “Ýylyň iň gowy awiamodelçisi” diýen at ugrunda ýaryşdylar. Ýaryşyň üçünji tapgyryna türgenleriň 12-si çykdy. Ýaryş AMSHF (Awiamodel sportunyň halkara federasiýasy) tarapyndan döredilen F5J halkara düzgünleri boýunça geçirildi. Eminleriň burugy bilen türgenleriň dördisi bir wagtyň özünde öz elektrouçuşlaryny göýberýärler, 200 metr belentlikde bolsa elektron wysotomerler hereketlendirijilerini öçürýärler hem-de model planlaşdyrmak düzgünine geçýär. Federasiýanyň düzgünine laýyklykda, her bir awiamodel on minutlap 8 uçuşy amala aşyrmaly we bellenen nokatda gonuşy ýerine ýetirmeli.


Biziň ýurdumyzda planýorlaryň radiodolandyryjy modelleri boýunça ýaryşlar üç tapgyrda - ýazda, tomusda we güýzüde geçirilýär. Ýazky we tomusky tapgyrlaryň netijeleri boýunça öňdäki üçlüge R.Mustafin, M.Hojagulyýew, G.Tuçkus girdiler.

Esasan hem kompozit önümlerden ýasalan häzirki zaman awiamodelleriniň ýokary aerodinamiki hilleri ýokary uçuşy üpjün edýärler. Şonuň üçin hem esasy göreş takyk gonuş boýunça geçirildi. Aşgabatly Sähet Kulyýew iň gowy diýlip ykrar edildi. Onuň planýory tabşyryk berlen nokatdan iň az gyşarma bilen ýere gondy. Çekeleşikli ýaryşyň netijesinde ikinji orna Rafael Mustafin, üçünji orna – Arsen Osipow mynasyp boldular.


Üç tapgyryň netijesi boýunça 2016-nyň çempiony diýen ada we göçme Kuboga sport ussatlygyna dalaşgär Rafael Mustafin mynasyp boldy. Bu türgen 15 ýyl mundan ozal awiamodel gurnamagyna öz ogluny getirdi, wagtyň geçmegi bilen onuň özi hem awiamodelizm bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda telekeçi R.Mustafin diňe bir abraýly ýaryşlaryň ählisine gatnaşman, eýsem awiamodelizm boýunça işjeň wagyzçy, guramaçy we ýetginjekleri ýaryşlaryna hemaýatkär hökmünde çykyş edýär.

Bäsleşigiň jemi jemlenenden soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Aşgabadyň aeroklubynyň başlygy Ýoldaş Annagurlyýew türgenlere diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.