Ï Baş drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Aliýewa «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeniň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baş drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Aliýewa «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeniň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi

view-icon 965
Dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy, degişli ulgama gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, teatrlaryň döredijilik toparlary, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, wise-premýer G.Mämmedowa, Demokratik partiýanyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr G.Şagulyýewa, Baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti K.Aşyrow, Türkmenistanyň halk artisti O.Abbasowa we beýlekiler öz çykyşlarynda halkyň arasynda milletimize mahsus bolan öňden gelýän döredijilik ruhuny gaýtadan dikeltmegiň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan medeniýet strategiýasynyň ýokary taglymy – milli sungatymyzy ösdürmegi höweslendirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýeti ösdürmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklaýandygyny, şunda diňe bir bu ulgama howandarlyk etmek bilen çäklenmän, başlangyçlar bilen çykyş edip, döredijilik meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegine iş ýüzünde ýardam berýändigini buýsanç bilen nygtadylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamyň işgärleriniň öňünde halkymyzyň medeni mirasyny gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak hem-de has-da baýlaşdyrmak wezipesi durýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda medeniýet ulgamynda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde Türkmenistanyň sahna ussatlary üçin dünýä derejesindäki eserleri döretmegiň binýatlary kemala getirildi. Ähli döredijilik işgärleri ýokary çeperçilikli eserleri döretmek bilen, milli medeniýetiň, sungatyň we edebiýatyň ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.


Biziň ýurdumyzda öz zehini, zähmeti hem-de döredijilik ylhamy bilen has tapawutlanýan bu ulgamyň işgärlerine hormatly atlary dakmak we ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Ine, bu gün hem teatr sungatynyň meşhur ussady Fahriýa Aliýewa hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden ýokary döwlet sylagyny almak hormatyna mynasyp boldy. Ol “Otello”, “Zöhre-Tahyr”, “Elwan ýaglykly serwim”, “Derňewçi”, “Gelin gelýär”, “Gelinler”, “Korol Lir”, “Japbaklar” hem-de köp sanly beýleki sahna oýunlarynda gahrymanlaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň ýadynda galdy. F.Aliýewa şeýle hem türkmen režissýorlary tarapyndan düşürilip, häzirkizaman türkmen sungatynyň nusgawy eserlerine öwrülen “Aýal ata çykanda”, “Aşyr aganyň hötjetligi” we beýleki köp sanly kinofilmlerinde keşpleri ýerine ýetirdi. 1955-nji ýylda oňa “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 1974-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakyldy.

Hormatly Prezidentimize öz döredijilik ylhamy hem-de tutanýerli zähmeti bilen, halkymyzyň şöhratly medeni ýörelgelerini dowam etdirýän sungat ussatlarynyň zähmetine ýokary baha berýändigi we uly aladasy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, Fahriýa Alyýewa milli Liderimize türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde, Garaşsyz Türkmenistana belent abraý we dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyny getiren oňyn özgertmelerinde we başlangyçlarynda täze üstünlikler arzuw etdi.

Dabaranyň barşynda meşhur artistiň köpýyllyk zähmeti, 65 ýylyň içinde teatr sahnasynda we kinoda döreden hem-de halkyň çuňňur söýgüsine eýe bolan ajaýyp keşpleriň tutuş toplumy barada gürrüň berýän wideogörnüş görkezildi.