Ï Awazada ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça Türkmenbaşy şäheriniň açyk birinjiligini almak ugryndaky ýaryş tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça Türkmenbaşy şäheriniň açyk birinjiligini almak ugryndaky ýaryş tamamlandy

view-icon 1148
Ýaryşa welaýatlaryň we türkmen paýtagtynyň ýaş pälwanlarynyň 300 töweregi gatnaşdy. Türkmenbaşy şäheriniň sport komiteti we birleşen kärdeşler arkalaşygy ýaryşy guraýjylar bolup çykyş etdiler.

Çekeleşikli geçen ýapon göreşi üç günüň dowamynda tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Bäsleşik kiçi ýaşly(2002-2004 ý. doglanlar) türgenleriň ýaryşy bilen açyldy. Olar agram derejeleriniň on birisi boýunça çykyş etdiler. Bu toparda Aşgabadyň sport mekdepleri iň ýokary netijeleri görkezdiler. Olar altyn medallaryň altysyny eýelemegi başardylar. Altyn medallaryň dördisini ýer eýeleri eýelediler. Ýene-de bir altyn medaly Balkanabadyň sport mekdebiniň topary gazanmagy başardy.

Uly toparda (2000-2001ý.doglanlar) kenarýaka sebitiniň pälwanlary üstünlikli çykyş etdiler. Olar altyn medallaryň bäşisini gazandylar, olaryň üçüsini türkmenbaşylylar eýelemegi başardylar. Bu ýaşdaky aşgabatly dzýudoçylar ýokary derejeli baýraklaryň üçüsini eýelediler.

Şunlukda resmi däl toparlaýyn ýaryşda birinji orny Türkmenbaşy şäheriniň dzýudoçylary, ikinji orny aşgabatlylar, üçünji orny Balkanabatly pälwanlar eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine sport şahadatnamalary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.