Ï Gadymy keramikanyň ajaýyp nusgalary Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň Gaznasynyň üstüni ýetirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy keramikanyň ajaýyp nusgalary Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň Gaznasynyň üstüni ýetirdi

view-icon 1226
Dünýä belli Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe, Garadepe arheologiki ýadygärliklerini öz içine alýan “Abiwerd” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda türkmen-fransuz we türkmen-rus arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde gadymy obalaryň bolandygyna şaýatlyk edýän köp sanly arheologiki tapyndylar ýüze çykaryldy. Goraghananyň işgärleri olaryň bir bölegini öwrenilenden we rejelenenden soňra paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýine berdiler.


Ulugdepe we Namazgadepe ýaly öz gatlarynda haçan-da bir wagtky medeniýeti gizleýän ýadygärliklerden tapylan gadymy artefaktlar “Türkmenistanyň gadymy sungaty” ekspozisiýasynda hormatly orny eýelär. Muzeýe baryp görenler gadymy keramikanyň ajaýyp nusgalary bilen tanşyp bilerler, olaryň arasynda hojalykda ulanylýan gap-gaçlar we küýzegärçilik sungatynyň owadan eserleri bar. Olaryň köpüsi haly gölleri, haýwanlaryň şekilleri hem-de güller bilen bezelipdir. Özi hem olar hakyky usulda ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa çepeçilik suratynyň ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýär.

Gadymy keramika önümleri “Abiwerd” goraghanasynyň ýanyndaky ylmy-rejeleýiş ussahanasynda fransiýaly hünärmen Estel Ottenwelter we rejeleýiş ussahanasynyň ýolbaşçysy Mekan Annanurow tarapyndan amala aşyrylýar.

Ussa-rejeleýjileriň ýerine ýetirýän inçe işleri netijesinde muzeýe berlen gadymy keramikanyň ajaýyp nusgalary özleriniň asyl nusgalaryny ýitirmändirler.