Monumental, sungat stanogynda we dekoratiw heýkeltaraşlygynda Nurmuhammet Ataýewiň ady diňe bir biziň ýurdumyzda belli bolman, eýsem onuň daşynda hem bellidir. Şonuň üçin hem sergi onuň işdeş ýoldaşlarynyň we şekillendiriş sungatyny söýýänleriň ählisinde hem uly gyzyklanma döretdi. Şekilleriň üsti bilen beýan edilýän taglymatyň we pikiriň sazlaşygy – ine, heýkeltaraşyň döredijilik dünýägaraýşyny şeýle atlandyryp bolar. Serginiň açylan güni Altynjemal Baýlyýewanyň köp sanly döwlet we halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, şol sanda belli döwlet işgärleriniň, akyldarlaryň ajaýyp heýkellerini döreden Nurmuhammet Ataýewiň döredijiligine bagyşlanan kitabynyň çykmagy bilen utgaşyp gitdi. Magtymgulynyň. Mollanepesiň, Puşkiniň, Bäşim Nuralynyň, Alýendäniň, Luis Korwalanyň ...hormatyna heýkel keşpleriniň galereýasy döredildi.
Heýkeltaraşyň döredijiliginde taryhy tema uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň yglan edilmegi heýkeltaraşa geçen wakalary beýan edýän işleri döretmäge, heýkeltaraşlygyň täze keşplerini we görnüşlerini gözlemäge itergi berdi. Şonuň üçin hem döredijiliginde Gökdepe galasynyň gahrymanlaryna, 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýer titremesi zerarly şehit bolanlara, esgerleriň gahrymançylykly edermenliklerine bagyşlanan eserler döredi. Sergide görkezilýän türkmen halkynyň tarynda uly yz goýan beýik şahsyýetleriň heýkelleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Olar Ýyldyz han, Gün han, Deňiz han we Aý han, Baba Gammar, Alp Arslan, Mäne Baba, ilkinji “Türk dilleriniň diwanyny” düzen dilçi Mahmyt Kaşgarly, şahyrlar Annagylyç Mätäji, Ahmet Sarahs, Ýusup Balasanguly, Mollanepes ýaly şahsyýetlerdir.
Heýkeltaraş Ataýewiň toplumlaýyn kompozisiýalary has hem täsindir. Olaryň hatarynda içinden milli äheň we wagtyň duýgusy eriş-argaş bolup geçýän “Kemine halkyň arasynda”, liriki keşpler “Bagda”, “Arzuw”, “Enelik” ýaly eserlerini görkezmek bolar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryna bagyşlanan “Pyýada goşun” we “Atly diwiziýa” ýaly kompozisiýalar haýran galdyrýar. Şeýle hem ahalteke bedewleriniň keşpleri özboluşlydyr we gaýtalanmajak eserlerdir – olaryň her biriniň gylygy, okgunlylygy janlandyrýar, olar edil durmuş janlanýan ýaly görünýär. Ahalteke bedewiniň keşbi hudožnigiň döredijiliginde esasy orny eýeleýär. Sebäbi onuň çagalyk döwri oba ýerinde geçdi. “Ahalteke bedewlerine guwanmak meniň ýüregimde elmydama ýaşady diýip, heýkeltaraş gürrüň berýär. – Ýyllaryň geçmegi bilen, halkyň durmuşynda, onuň taryhynda bedewiň nähili orun eýeländigine göz ýetirýärsiň, ol barada düşünjäň giňeýär”. Heýkeltaraşyň döredijiligi köp ugurly we stilistiki taýdan baý bolup, ol bireýýäm sergi zallarynyň çäklerinden daşyna çykdy. Onuň monumentleri biziň ýurdumyzyň köçelerini we meýdançalaryny bezeýär, olara özboluşly öwüşgin berýär. Olardan kompozitor Nury Halmämmedowyň Aşgabatdaky, esger şahyr Seýdiniň Lebap welaýatyndaky, ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň Tejendäki, Baharly etrabyndaky 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlarynyň ýadygärliklerini we beýleki ýadygärlikleri görkezmek bolar. Onuň döreden bürünçden ýasalan ganatly bedewleri milletiň döredijilik güýjüni we türkmen sungatynyň gülläp ösýändigini alamatlandyrýan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sütünleriniň üstünden uçup barýana meňzeýär.