Ï 8-12-nji dekabr aralygynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

8-12-nji dekabr aralygynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler

view-icon 1194
Ýene iki günden Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda iri halkara ýaryşy — 8—12-nji dekabr aralygynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem bu ýaryş türkmen türgenlerine taýýarlygyň ýene bir tapgyry hökmünde hyzmat eder, şeýle hem bu ýaryşda milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi kesgitlener.