Şu gün däp boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynyň başyny Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, dürli aýdym-saz baýraklarynyň köp sanlysynyň eýesi Filipp Kirkorow açdy.
Türkmen aýdym-saz muşdaklaryny ençeme gezek begendirip gelýän meşhur aýdymçynyň çykyşy aşgabatlylaryň ählisine ajaýyp sowgat boldy, aýdymçy ozal ýurdumyzda, şol sanda Awazada çykyş edipdi. Türkmen tomaşaçylaryna, mundan başga-da, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek konsertler garaşýar.
Her ýyl geçirilýän döredijilik taslamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralýar. Halkara medeni çäräniň maksady Täze ýylyň öň ýanynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretmek bolup durýar. Täze ýylyň öň ýanyndaky konsertleriň iň ýakymly pursatlarynyň biri türkmenistanlylaryň nesilleriniň birnäçesiniň estrada ýyldyzy bilen duşuşygydyr.
Şu gün Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançasynda daşary ýurt ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlar guraldy, bu meýdançada ozal hem birnäçe täsirli köpçülikleýin aýdym-saz tomaşalary guralypdy. Toplum müňlerçe tomaşaçyny Täze ýyl bezegi görnüşinde garşylady.
Filipp Kirkorow türkmen tomaşaçylary üçin özüniň iň gowy aýdymlaryny getirdi, olaryň köpüsi dünýäde meşhurdyr. Artist türkmen tomaşaçylarynyň özüne nähili sarpa goýýandygyna sport toplumynyň sahnasyna çykanda doly göz ýetirdi, ýygnananlar meşhur aýdymçyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ol tomaşaçylary bu ajaýyp çäre bilen gutlady, tomaşaçylar öz gezeginde her bir aýdymy uly şatlyk bilen garşyladylar.
Ol özüniň joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylaryň yzy üzülmeýän el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsert maksatnamasyna pop-sazyň sazlaşykly äheňindäki ýakymly owazlary özünde jemleýän iň täsirli aýdymlar girizildi.
F.Kirkorow Türkmenistany we türkmenistanlylary tüýs ýürekden mübärekläp, kalbynyň töründen çykýan ýakymly sözleri aýtdy. Aýdymçy ýurdumyzda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, hemmelere parahatçylyk, hoşniýetlilik we rowaçlyk arzuw etdi. Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky üýtgewsiz dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirip, aýdymçy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini belledi. Filipp Kirkorow bu sözleri türkmen dilinde aýtdy, bu sözlere tomaşaçylar şowhunly el çarpdylar.
Göräýmäge, konsert örän tiz tamamlanan ýaly boldy. Ýöne tomaşaçylaryň estrada ýyldyzy bilen hoşlaşaslary gelmedi. Meşhur artist olara hoşniýetlilik, dostluk, özara düşünişmek, ynanyşmak we söýgi ýörelgeleriniň dowamly bolmagyny arzuw edip, tomaşaçylaryň ruhuny göterdi. Konserte gatnaşyjylardan gül çemenlerini kabul eden F.Kirkorow konsertden täsirlenen tomaşaçylara tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdi we olar bilen täze duşuşyklaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Çykyşyň ahyrynda myhmanlara asylly däbe görä, türkmen dony we telpegi geýdirildi.
Aşgabatlylar üçin guralýan konsertler dowam edýär. Daşary ýurtly estrada ýyldyzlary bilen bir hatarda türkmen aýdymçylary aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda guralan köpöwüşginli konsert maksatnamalaryny sowgat edýärler. Munuň özi diňe bir şatlyk we ruhubelentlik eçilmän, eýsem, döwlet Baştutanymyzyň döredijilik gatnaşyklaryny döwrebap derejede has-da giňeltmek baradaky asylly başlangyçlarynyň kämil derejede ösdürilýändigini we medeniýetleriň özara düşünişmek ýaly gadymy däpleriniň, ähli gyzykly açyşlara, joşgunly zehinlere baý bolan sungatyň baglanyşygynyň häzirki zamanda yzygiderli dowam etdirilýändigini alamatlandyrdy.