Ï Türkmenistanyň sungaty we binagärligi: däpler we täze usullar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň sungaty we binagärligi: däpler we täze usullar

view-icon 9094
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungaty hem-de binagärligi mundan beýläk-de öwrenmek, gorap saklamak we ösdürmek meselelerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň häzirki zaman medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ylym hem-de döredijilik işleri üçin ähli zerurlyklar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe döwrebap muzeýleriň we teatrlaryň gurulmagy ynsanperwer ulgama berilýän uly ünsüň aýdyň netijeleridir, her welaýat merkezinde täze görnüşli kitaphanalar bina edildi. XXI asyryň tehnologiýalaryndan ugur alan döwlet bilim maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda ylmy-barlag işleri innowasion derejä çykaryldy, kitap neşirýat işi ösdürilýär, Internet ulgamynda milli serişdeler artýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tamamlanmagy “Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” tapgyryndaky makalalaryň ýygyndysynyň nobatdaky dördünji sanynyň çapdan çykmagy bilen alamatlandy. Onda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligiň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň her ýylky ylmy habarlarynyň çap edilmegi dowam edýär.

Hünärmenleriň toparynda eýýäm meşhurlyk gazanan ýygyndy türkmen halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasynyň egsilmez baýlygyna hem-de döwürdeşlerimiziň hünär döredijiligine bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýär. Dünýäniň ylmy toparlarynyň şeýle gyzyklanmasy türkmen halkynyň—beýik ösüşleri, çeper senetçiligiň özboluşly däplerini, edebiýatyň, sazyň, binagärligiň ajaýyp nusgalaryny döredijiniň ylham-zehininiň ýene-de bir subutnamasydyr.


Neşir Türkmenistanyň gadymy hem-de häzirki zaman sungatyny öwrenýän sungaty öwrenijileriň, binagärligiň taryhçylarynyň we arheologlaryň köp taraply işini beýan edýär. “Amaly-haşam sungaty” diýen bölümde mozaika we halyçylyga bagyşlanan makalalar çap edilýär. Olarda gadymy Margiananyň meşhur ýadygärligi bolan Goňurdepede arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan bürünç eýýamynyň mozaikasyny täzeden dikeltmegiň meselelerine garalýar, häzirki zaman milli mozaika sungatynyň döreýşi barada gürrüň berilýär, türkmen halysynyň nyşanlary hem-de gölleriniň gurluşy seljerilýär. Bu bölümiň makalalarynyň birinde Köneürgenjiň çäklerinde geçirilen arheologiýa işleriniň barşynda toplanan orta asyr keramika önümleriniň dürli görnüşlerine garalýar.

“Şekillendiriş sungaty” bölümi häzirki zaman türkmen žiwopisinde käbir meseleleriň seljerilişini hödürleýär hem-de onda gadymy Margiananyň medeniýetiniň ýaýraýşynyň gerimi barada, gadymy Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly arheologlar tarapyndan tapylan bürgüdiň şekiliniň bölekleri hakynda, ýakynda Köneürgençde ýüze çykarylan gadymy golýazma kitabyndan miniatýuralary bolan täsin sahypa dogrusynda makalalar jemlenýär.

“Binagärlik mirasy” diýen bölümde okyjylara “Gadymy Merw” goraghanasyndaky Uly Gyzgalada geçirilýän ylmy-barlag we rejeleýiş işleri barada, Günorta Türkmenistanyň XI—XII asyrlara degişli ýadygärlikleriniň binagärlik gözellikleri hakynda, Merw jülgesiniň çäklerindäki orta asyr gala-köşkler dogrusynda makalalar hödürlenilýär. Ýygyndy “Medeniýeti öwrenijiler” diýen bölüm bilen tamamlanýar. Onda Parfiýany meşhur öwreniji, taryh ylymlarynyň doktory W.N.Pilipkonyň çeken zähmetiniň sanawy, alyp baran işleri barada oçerk ýerleşdirilipdir.

“Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” ýygyndysyny taýýarlanlaryň hatarynda ýurdumyzyň hünärmenleri hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bar. Olaryň iň täze açyşlary ýokary okuw mekdepleriň degişli ugurlar boýunça diňe bir alymlary we talyplary üçin däl, eýsem, Türkmenistanyň hem-de umuman, Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetiniň döreýşiniň hem-de ösüşiniň meseleleri bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin gyzyklanma döredýär. Daşary ýurtly ylmy barlagçylaryň Türkmenistana aýratyn üns berýändigini nazara alyp, halkara okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň iri ynsanperwer ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna iberilýär.