... Gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty Balkan, Lebap, Mary welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden türgenleriň 70-e golaýyny özünde jemledi. Türgenler gylyçda, şpagada we rapirada biri-biri bilen güýç synanyşdylar. Görnüşleriň ilkinjisinde erkekleriň arasyndaky ýaryşlar has hem çekeleşikli geçdi. Bu ýaryşyň final duşuşygynda bu görnüşde milli çempionatyň ençeme gezek ýeňijisi Muhammet Goçmyradow bilen ençeme halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän Serdar Baýramow (ikisi hem Aşgabadyň toparyndan) duşuşdylar.
Ilki artykmaçlyk ýurdumyzyň häzirki çempionynyň tarapynda boldy. Ol birnäçe şowly hüjümleri geçirdi. Ýöne soňra Serdar duşuşygyň gidişini öz eline aldy hem-de tutluşygy ahyryna çenli ynamly alyp bardy we garşydaşyny 15:9 hasabynda ýeňdi. Gylyçlaşmak boýunça ýaryşlarda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek çempionyň çalşandygy bellärliklidir.
Şahsy bäsleşiklerde Meňli Goýunlyýewa (Aşgabat) altyn medallaryň ikisini gazanmagy başardy. Ol şpagada we rapirada gylyçlaşmak boýunça hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Aýgytly duşuşykda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Balkan welaýatynyň toparynyň wekilleri Mariýa Karpowany (15:12) we Kameliýa Melaşşenkony (15:13) ýeňdi.
Paýtagtymyzyň zenanlar ýygyndysy gylyç bilen gylyçlaşmak boýunça altyn medallaryň ýene birini gazandy. Bu ýerde Aýlar Muhammetwaleýewa öz topardaşy Gözel Taýyrowany final duşuşygynda ýeňmegi başardy.
Şpagada we rapirada erkekleriň arasynda bäsleşiklerde birinji orunlary ýene-de aşgabatlylar — sport ussatlary Ahmet Agaýew we Wýaçeslaw Woronin eýelediler. Paýtagtly türgenleriň hemmesi Ýokary sport ussatlygy mekdebinde milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi — Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Witaliý Kagramanowyň hem-de Alýona Bogdanowanyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.
Gylyçlaşmak boýunça Balkan welaýatynyň türgenleriniň hem ussatlygynyň ýyl geldigiçe ýokarlanýandygy bellärliklidir. Bu ýaryşda kenarýaka welaýatyň ýygyndy topary iki ýeňiş gazandy, ýagny Balkan welaýatynyň türgenleri erkekleriň we zenanlaryň arasynda rapirada toparlaýyn ýaryşda ýeňiji boldular.
Lebap hem Mary welaýatynyň türgenlerine bu ýaryş tejribe toplamaga oňat mümkinçilik berdi. Bu welaýatlaryň merkezlerinde gylyçlaşmak boýunça bölümler mundan üç ýyl töweregi ozal açylypdy. Şonuň üçin hem tälimçilere entek köp işler garaşýar. Ýöne çempionatyň baş emini Tatýana Ýermolaýewanyň pikirine görä, Gündogar welaýatyň hem-de Murgap jülgesiniň gylyçlaşmak boýunça ussatlarynyň kämilleşýändigi eýýämden görnüp dur.
Ýaryşyň netijeleri boýunça halkara derejesinde iri ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşmaga taýýarlyk görýän milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitlener. Iýun aýynyň ortasynda Gonkongda Aziýa çempionady geçiriler. Geljek aý bolsa Leýpsigde (Germaniýa) dünýä çempionaty geçiriler. Soňra awgust aýynda Taýpeýde Bütindünýä tomusky Uniwersiada bolar. Uniwersiadanyň maksatnamasyna gylyçlaşmak boýunça ýaryşlar hem girýär.