Türkmenistanyň wise-çempiony “Balkan” AFK-nyň Kubogy—2017 ýaryşynyň deslapky tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirip, utulan çykdy ýaryşynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen myhmançylykda deňme-deň (1:1) oýnady. Munuň özi 7-nji fewralda Balkan welaýatynyň merkezinde geçiriljek jogap duşuşygynda biziň futbolçylarymyza indiki tapgyra çykmaga ýollanma almaga oňat mümkinçilik berýär.
Oýnuň öňüsyrasynda guralan metbugat-maslahatynda türkmenistanlylaryň tälimçisi Amanmyrat Meredow hem-de “Dordoýyň” tälimçisi öz türgenleri üçin öňde boljak oýnuň möhümdigini nygtadylar. Ilkinji sekuntlardan başlap, gyrgyzystanlylar biziň futbolçylarymyzyň derwezesine ençeme hüjümleri geçirdiler. Şunda ýer eýeleriniň toparyna täze gelen Inkum Solomon Kelwin örän işjeň oýnady, emma muňa garamazdan, tapawutlanmak üçin birnäçe oňat mümkinçilikleri elden giderdi. Ýöne “Balkanyň” goragy hem-de derwezeçi Alikper Kerimowyň ussatlyk bilen oýnamagy hasaby açmak üçin hemme synanyşyklaryň öňüni aldy. Birnäçe howply pursatlary döreden biziň türgenlerimiziň yhlaslary hem garşydaş derwezebanyň şeýle oýnamagyna getirdi. Birinji ýarymda hasap açylmady.
Arakesmeden soň, Türkmenistanyň topary tizligini artdyryp, “Dordoýyň” ýarym meýdançasynda oýnamaga geçmegi başardy. Ine-de 67-nji minutda biziň hüjümçimiz Nurtagan Mämmedalyýewiň ajaýyp urgusyndan soň, pökgi derwezä girdi: “Balkan” 1:0 hasap bilen öňe saýlandy. 78-nji minutda bolsa Alişer Azizow kelle urgusyny geçirip, hasaby deňledi. Bu hasap jemleýji jürlewüge çenli üýtgemän galdy.
Şeýlelikde, 7-nji fewralda “Balkan” öz öýünde “Dordoýy” kabul eder. Bu duşuşygyň ýeňijisi indiki tapgyrda “Hosilot” (Täjigistan) — “Şahin Asmai” (Owganystan) toparlarynyň arasyndaky oýunyň ýeňijisi bilen duşuşmaga çykar.