Bu ýerde goýlan aýratyn tapawutlanýan işleriň biri-de Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýedi Medetowyň kömür bilen çkilen portreti.Amaly sungat fakultetiniň keramika bölüminiň 3-nji ýyl talyby Döwletgeldi Gurtmyradowyň bu eseriniň Çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasya alynmagy onuň şowly çykandygyna şaýaylyk edýär.
Uşajyk gasynlar, saçynyň her tary timarlanan, durmuş tejribesini toplan, ýaşy durugşan bu kişiniň suraty şeýle bir takyk çekilipdir welin, „Şu elde çekilen zatmyka?“-deýeniňi bilmän galýarsyň.
- Döwletgeldi meniň portretimi çekeni bäri men Akademiýada iň meşhur mugallym bolaýdym-diýip, zehinli talybyň işine buýsanýan Ýedi Medetow degişýär.
- Döwletgeldi Gurtmyradowyň elinden gelmeýän zat ýok—diýip , Türkmenistanyň halk nakgaşy Solmaz Muhammedowa öz okuwçysyna buýsanç bilen aýtdy. –Keramikaçy hünäri boýunça okasa-da, onuň grafika-da, beýleki islendik žanrda-da başarnygy pes däl. Döwletgeldi Aziada-2017-ä bagyşlanan talyplar sergisine „Üç palwan“ atly heýkel kompozisiýasyny taýýarlady. Onuň iki işem biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar—portreti asyl nusga takyk laýyklyk çeken bolsa, heýkelde, tersine gahrymanlaryň keşbini stilleşdiripdir. Döwletgeldiniň başarnygyndan bihabar kişi bularyň şol bir adamyň elinden çykanyna ynanmazdy.
Döwletgeldi Gurtmyradowyň bu eseri awtorçylyk çemelşmesi bilen tapawutlanýar: ol sport mowzugynyň talabyna laýyklykda pälwanlary tutluşyk wagty şekillendirmändir-de, çaý başynda peýrewe gürleşin oturan şekilde şekillendiripdir. Olar bäsleşiklarde garşydaş bolsa-da, adaty durmuşda bir-birine mähirli dostana adamlar. Döwletgeldi tomaşaçylaryň hersi özüçe oýlanar ýaly bilgeşleýin olara belli bir keşp bermändir.
Sergä gelenleri haýran edýän işleriň ýene biri hem--amaly sungat fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ahmetgeldi Annageldiýewiň „Ýartygulagyň bikärlere sapak berşi“ diýlen keramiki kompozisiýasydyr. Oňa bir bakanyňdan türkmen halk ertekisiniň täsirine düşýärsiň. Ol toýun taýajyklardan jaýyň öňünde ösüp oturan tut agajyny şekilendiripdir, Ýartygulak ol ýerden bihepbeleri mekirlik bilen kowup çykarýar. Ol ýaltalry, gör, neneňsi şekillendiripdir diýsene! Awtoruň garaýşy durşuna kinaýa ýugrulan...
Çeperçilik sungatyna muşdaklar Döwletgeldi Gurtmyradow bilen Ahmetgeldi Annageldiýewiň adyny ýatda saklasa gowy bolardy. Ýakyn wagtda olaryň zehininden we özboluşly döredijilik usulyndan üýtgeşik, stil we kompozisiýa babatda sazlaşykly çeper eserler dörese gerek.