Ï Oýlanşykly taktika, ünsüňi bir ýere jemlemek we ýeňşe hyjuw—şaşka ussatlary Durdyýewlere üstünlik getirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oýlanşykly taktika, ünsüňi bir ýere jemlemek we ýeňşe hyjuw—şaşka ussatlary Durdyýewlere üstünlik getirýär

view-icon 1735
Olaryň maşgalasy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da bellidir. Onda maşgalabaşy, ýurdumyzyň ençeme gezek çempiony, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, öz şaşka mekdebini döreden Hojadurdy Durdyýewiň hyzmaty ulydyr. Onuň aýaly Gülnabat hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisidir.

Içi şaşkaly arzyly gutujyk maşgalada apalanyp saklanyýar, ol atadan ogla geçýär. Olaryň çagalary-da Hojadurdy we Gülnabat Durdyýewleriň ýoluny dowam etdiler.

--Şaşka oýnuny köpler ýönekeý hasaplaýarlar. Beýle däl. Şaşka çynlakaý çemelşmegi talap edýän oýun. Olar hil-hil bolýar, meselem 64, 100, 114 öýjüikli. Halkara ýaryşlary, düzgüne görä, ýüz öýjükli iňlis-amerikan şaşkasynyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. 2012-nji ýylyň awgustynda Fransiýanyň Lill şäherinde dört ýyldan bir gezek geçirilýän aň-paýhas oýunlary boýunça II Bütindünýä Olimpiýadaa geçirildi,-- diýip Hojadurdy aga gürrüň berýär.

--Oňa bütin dünýäden güýçli oýunçylar gatnaşdy—diýip, Durdyýewleriň maşgala agzalarynyň biri, halkara derejeli grossmeýster Bagtyýar ýatlaýar.—Onda inim Bäşim bilen uýam Amanagül ýurdymyza wekilçilik etdiler, olary halkara derejeli sport ussady Maksat Durdyýew taýýarlady.

Olaryň erjelligi, ýeňşe yhlasy, çylşyrymly tilsimlere çynlakaý taýýarlyklar, bar ünsüňi oýna gönükdirmek ýaly häsiýetler arzyly maksada ýetirdi. Halkara grossmeýsteri Amangül Durdyýewa kümüş medal eýeledi. Bäşim bolsa dünýäniň absolýut çempiony barbadosly Ron King bilen çekeleşikli duşuşykda 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, bürünç medal bilen birlikde halkara grossmeýsteri adyna mynasyp boldy.

Maşgala agzalarynyň hemmesi-de—Mustafa, Bagtyýar, Parahat, Amangül, Bäşim Durdyýewler hem sportda şeýle belent netijeler gazandylar. Olaryň körpesi Maksat Durdyýew Halakara nebit we gaz uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby.

Geçen ýylyň aprel aýynda Balkanabatda geçirilen şaşka boýunça milli çepionata ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinden we paýtagtymyzdan tejribeli ussatlar gatnaşdylar. Bu abraýly ýaryşda 38 utuk toplan Maksat birinji orny eýeledi, Bäşim hem şeýle netije görkezdi, Bagtyýar bolsa üçünji orna düşdi.Zenanlaryň arasynda halkara grossmeýsteri, aýallaryň arasynda şaşka boýunça dünýäniň çempiony Amangül Durdyýewa altyn medala mynasyp boldy. 2015-nji ýylyň sentýabrynda Uelsde Amangül nusgawy iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýä çempionlygyny eýeledi,geçen ýylyň iýunynda bolsa ol iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň absolýut çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Amangül Balkanabadyň ýörüteleşdirilen şaşka mekdebinde usulýetçi bolup işleýär, ol bu aň-paýhas oýnunyň muşdaklaryna onuň inçe syrlaryny yhlas bilen öwredýär.