Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Çeperçilik sungaty muzeýinde halkara çagalar suratlary bäsleşeginde baýrakly orunlary eýelänleri gutlamak dabarasy boldy.
Aşgabatly ýaşajyk nakgaşlar „Daşkent şatlygy“ sergisiniň ýörite diplomlaryna we baýraklaryna mynasyp boldular. Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Merjen Berdiýewa kümüş medalyna mynasyp boldy. Paýtagtymyzyň 2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Abraý Allanepesow bürünç medal eýeledi.
Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň, Özbegistanyň Respublikasynyň Daşary işler we Halk magarofy ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaşlar jemgyýetçilik hereketiniň gurnan halkara sergisi 5 ugurda – „Çagalar dünýäsi“, „Meniň Watanym“, „Ýaşaýan dünýäm“, „Arzuwym“ we „Meniň Özbegistana beletligim“ ýaly ugurlarda geçirildi. 5-den 15 ýaşa çenli ýaş nakgaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän bäsleşik çagalaryň çeperçilik döredijiligini goldamak, çeperçilik sungaty we dünýä hakyndaky düşünjeleri ardyrmak , şeýle hem daşary ýurtlardaky deň duşlery bilen gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär.
Zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň ukybyny ösdürmek, şeýle hem şahsyýet hökmünde ösmegi, olaryň ýerli we dünýä taryhy hem-de medeniýeti barada dünýägaraýşyny we bilimlerini ardyrmak döredijilik bäsleşiginiň birinji derejeli wezipeleriniň biridir.
Merjen öz çeken suratynda bagtyýar çagalyk döwri bilen milli saz sungatynyň ýörelgeleriniň dowamlylygyny sazlaşykly utgaşdyrmagy başarypdyr.
Ýaşajyk türkmen nakgaşlar üçin bu halkara derejesindäki ilkinji üstünlikdir. Dünýä ýurtlarynyň ençemesinden çagalaryň onlarçasy bäsleşigiň 21 medalyny eýelemek üçin dalaşdylar. Ildeşlerimiziň gatnaşan ilkinji ýaryşynda gazanan şeýle üstünligi olaryň sungata zehili gadam basandyklara şaýatlyk edýär.