Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy Belarusyň paýtagtynda 8-nji fewralda açylan XXIV Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy.
Sergide 30-dan gowrak ýurtdan kitap neşirçileri kitap önümlerini görkezdiler. Türkmenistanyň diwarlygy çeper, ylmy, publisistik neşirleriň, surat albomlarynyň we beýleki çaphana önümleriniň hiliniň ýokarylygy bilen hünärmenleriňdir sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda çap edilen „Çaý -melhem hem ylham“ we „Parahatçylyk sazy, dostluk,doganlyk sazy“ atly kitaplary, şeýle hem türkmen halk döredijiligine bagyşlanan neşirler tapgyry, şol sanda çagalar üçin owadan bezelen kitaplar bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Sergide şeýle hem döwrebap redaksion-neşir tehnikalarynyň-da nusgalary görkezildi. 12-nji fewrala çenli dowam eden çäräniň maksatnamasynda täze kitaplar bilen tanyşdyrylyşlar, ýazyjy-şahyrlardyr neşirýatçylar bilen duşuşyklar,okuw-maslahatlar we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler geçirildi. Belarus kitap neşiriniň 500 ýyllygy, Ýanka Kupalanyň we Ýakub Kolasyň doglan gününiň 135 ýyllygy bu duşuşygyň esasy mowzugy boldy. Bu abraýly sergi diňe bir milli kitap neşirýatynyň gazanan üstünliklerini görkezmän, eýsem bu pudagy ösdürmegiň häzirki zaman ugurlary bilenem tanyşmaga, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.