Ï Çeperçilik sungaty muzeýinde Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çeperçilik sungaty muzeýinde Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy

view-icon 982
Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň Aziada-2017 mynasybetli 500 günlük atly ýörüşine bagyşlanan işleriniň toplumy baýramçylyk sergisiniň başy bolupdy.

Bu ýere gelýänleriň ünsüni dessine özüne çekýän işleriň biri-de Ýarly Baýramowyň simwolizm žanrynda çeken “Bagtyýar Türkmenistan” atly eseridir. Ussat nakgaş öz gahrymanlaryny-dürli nesliň wekilleri bolan oguldyr gyzy bilen duran atasyny Aşgabadyň gözel keşbi görnüp duran belent depede şekillendiripdir. Gyzyň elinde sahawatly türkmen topragynyň miwelerinden doly mejime bar, oglan bolsa parahatlygyň nyşany ak kepderileri asman sary uçurýar. Goýras reňkler, mähir-muhabbetli keşpler, erteki güne ynamly ýordum dartgynlygy suratyň özgertmeleriň döredijilik binýady bolan maşgala rahatlygyny we agzybirligini nygtaýar.


Türkmen nakgaşlarynyň ussady Aýhan Hajyýewiň “Parahat toprakdaky bagt” atly eserinde milli toýumyzdan bir pursat-durmuş gurýan gyzyň ata öýünden çykyşy şekillendirilipdir. Täze maşgalanyň kemala gelmegi bahar gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýar. Suratda toý dabarasy ýiti reňkler arkaly çeper beýan edilýär…

Berdi Çaryýew “Ýagtylyga tarap” atly eseriniň merkezinde häzirki döwrümiziň öňe okgunlylygyny aňladýan hyýaly atlaryň ýüwrük gadamlary suratlandyrylýar. Onda Garaşsyzlygyň nyşanlary, gazanylan üstünlikler beýan edilýär.


Walentin Kudrýaşowyň “Saglyk ýoly” atly işi sport mowzugyna bagyşlanypdyr. Ýeke gezek Saglyk ýolua baryp görenler hem bu surata bakandan jana tenekar sergin dag howasynyň täsirini duýýandyr.

Sergide Döwlet Baýdagynyň baýramya bagyşlanan işleriň ençemesi bar. Toýmämmet Esenmämmedowyň “Toý” atly işinde nakgaşyň dogduk diýary Balkan welaýatynda baýramyň şadyýan belelnilişi görkezilýär. Ýaşy durugşan aýallar pişmedir külçe bişirse, ýaşlar millilige ýugrulan küştdepdi tansyny ýerine ýetirýärler.


Tanymal nakgaş Çary Hümmedow “Dograma” atly işinde Lebap welaýatyndaky toý dabarasyny çeper tilsimler bilen beýan edýär. Onda toý üçin çörek dograýan gelin-gyzlar şekillendirilipdir.

Bu zehinli we özboluşly nakgaş türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerliginiň waspyny ýetirmegi halaýar, hat-da baýramçylyk mowzugyny-da olaryň zähmetini beýan etmek arkaly şekillendirýär.


Saparmämmet Meredowyň “Iş başynda” atly eseri hem zähmet adamsyna bagyşlanan mowzugy dowam edýär. Suratyň merkezinde galla meýdanynda desse bogýan adam şekillendirilipdir.Taýýar desselerden küdeler emele gelýär. Aňyrky şekilde altynsow galla meýdany çekilipdir.

Saparmämmet Meredow galla meýdanyna aşyk nakgaş. Sungat muşdaklary onuň “Ak bugdaý” atly işini gowy bilýändirler. Onda gözýetime çenli ýaýylyp ýatan meýdanda oglanjyk şekillendirilipdir. Belki, ol Saparmämmediň özüdir. Şondan bäri galla meýdany onuň eserlerinde altynsow tolkun atýar.

Ýewgeniý Grişiniň “Gelin” atly eserinde näziklikdir bagt nury ýüzüne çaýylan ýaş gelniň gözelligi beýan edilýär.