Ï Türkmenistanyň Diplomatiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan sergide rus we Günbatar Ýewropa medeniýetiniň gymmatlyklarynyň nusgalary görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Diplomatiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan sergide rus we Günbatar Ýewropa medeniýetiniň gymmatlyklarynyň nusgalary görkezildi

view-icon 1093
Türkmenistanyň Çepeçilik muzeýinde 18-19 asyr Günbatar Ýewropa we Russiýa medeniýetiniň gymmatlyklary bolan mebeller we beýleki zatlar görkezildi. Muzeýiň zallarynyň birinde şol döwürde däp bolan mebeller goýlupdyr. Sergi diňe bir diplomatic wekilhanalaryň işgärlerinde däl, eýsem bu ýere gelen köpsanly sungat muşdaklarynda-da uly gyzyklanma döretdi.

18 asyrda rus ussatlarynyň ýasan diwany sergide esasy orun eýeleýär. Goýras-gülgüne reňkli we gara lak çalnan elgoýarly ullakan ýumşak mebel diňe ýokary gatlagyň wekilleriniň öýlerinde bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Pawel I Fransiýadan Russiýa mebel getirmegi gadagan edipdir, bu bolsa Russiýada mebel ýasamak işiniň ösmegine ýardam edipdir. Diwanyň depesinde Aleksandr III-iň aýaly imperator Mariýa Fýodorownanyň suraty asylypdyr.



Diwanyň depesinde asylan zatlaryň ýene biri-doganlar Gambslaryň Peterburgdaky mebel fabriginde ýasaln skafynyň bir bölegidir. Ol 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde weýran bolupdyr, ýöne ondan gabsasy saklanyp galypdyr. Bu ajaýyp nusga muzeý gymmatlygydyr: ussatlyk bilen işlenilen açyk reňkli agaçda oýun oýnaýan perişdeler şekillendirilipdir.

Hatlardyr gymmatly resminamalar üçin gulplanylýan, güberçek gapakly, bürünçden ýasalyp berkidilen nagyşly stol hem göreniň ünsüni özüne çekýär. 1750-nji ýylda gymmat bahaly agaçdan ýasalan bu mebele tanymal fransuz nakgaşy Buşeniň ulanan tilsiminde surat çekilipdir.



Ýene bir geň zatlaryň biri-de 18 ahyrynda iňlisleriň ulanan tilsimine meňzedilip gara lak çalnyp ýasalan tekjedir. Onuň daş-töweregidir içine hem surat çekilipdir.

Mundan başga-da, bu ýerde kürsi we arkalygy belent, aýaklary egreldilip ýasalan,nagyşly we mahmal örtükli oturgyç hem goýlupdyr. Ol hem doganlar Gambslaryň mebel fabriginiň önümidir diýlip çaklanylýar.

Sergide imperator Mariýa Fýodorownanyň suratyndan başga-da, manzar şeklinde çekilen nakgaşlar Şterniň “Glauberk Iohanes seýilgähindäki köşk” we Reýnhard Iohan Hristianyň “Bosaga gelen üsti ýapyk paýtun” eserleri bar.



Geçmişde ulanylan zatlaryň arasynda näbelli ussadyň elinden çykan üç gatly üýtgeşik tutusy ham bar, ol 18 asyr Günbatar Ýewropa medeniýetine degişli diýlip çaklanylýar. Ol deriden tikilip, syýahatçylyk mowzugyndan manzarly surat bilen bezelipdir.

Ýüzi gülli gobelen kysmy daşojak şekili hem gyzyklanma döredýär, ol 18 asyrda Angliýada giňden ýaýrapdyr.

Bu ýere gelenler olaryň neneňsi ýol bilen Döwlet çeperçilik muzeýine düşenligi bilen gyzyklanýarlar. Serginiň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Russiýanyň Ermitaž, Rus muzeýi, Puşkin adyndaky muzeýi, Tretýakow galareýasy ýaly muzeýlerinden gymmatly zatlaryň ençemesi ýerli ilaty beýleki halklaryň we eýýamlaryň medeiýeti bien tanyşdyrmak üçin Orta Aziýa muzeýlerine peşgeş berlipdir. Ençeme ýyllap olar muzeýleriň gymmatlyklar saklanýan gaznalarynda halk köpçüligine görkezilerine garaşyp ýatypdyr. Türkmenistanyň Diplomatiýa işgärleriniň gününiň baýram edilmegi bilen olaryň hem sergisi guraldy.