Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşy hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryş tamamlandy. Biziň watandaşlarymyzyň görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 44-si bilen ýetirilip, olaryň 11-si altyn, 18-si kümüş we 15-si bürünç medallardan ybarat boldy. Bu görkeziji umumy toparlaýyn çykyşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ikinji orna çykardy.
Bangkok şäherine Malaýziýadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Iordaniýadan, Tunisden, Wýetnamdan we beýleki ýurtlardan türgenleriň ýüzlerçesi geldiler. Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça tutluşyklar hem-de görkezme çykyşlarynyň “ne-waza” we “duo” diýen ugurlary boýunça geçirildi.
Türkmen toparynyň düzüminde Kemal Meredow, Myrat Gimmiýew, Döwran Myradow, Nasibjan Izbasarow, Maral Öwezgeldiýewa, Ýalkym Nuryýew, Kemal Meredow, Jelilmuhammet Hojamyradow, Gülbahar Madreýimowa, Angelina Filippowa, Sabina Agajanowa we Leýla Kuliýewa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.
Biziň türgenlerimizi bu ýaryşlara Söweş sungatlarynyň milli federasiýasynyň tälimçileri Döwletmyrat Kasymow we Omar Muhammetnazarow taýýarladylar. Şeýle hem Türkmenistandan Rustam Ymamkulyýewiň we Leýli Kulyýewanyň eminler hökmünde ýaryşlara hyzmat edendigini bellemek gerek.
Jiu-jitsu Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär, şonuň üçin Tailandda geçirilýän ýaryşlar ýurdumyzyň taryhyndaky iri sport wakasyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüldi.