Ï Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly konsert boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly konsert boldy

view-icon 993
Türkmen döwletliliginiň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan baýramçylyk bu ýyl golaýda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakanyň— agzybirliligini hem-de ýokary raýat işjeňligini we syýasy kämilligini äşgär eden türkmenistanlylaryň ýokary döwlet wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji gezek saýlamaklary bilen bolup geçen ýurdumyzyň Prezident saýlawlarynyň täsiri astynda geçýär.

Mähriban Watanymyza buýsanç duýgulary, türkmenistanlylaryň ruhubelentligi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda höküm sürýän şatlykly ýagdaýy emele getirdi. Bu ýere köp sanly tomaşaçylar, şol sanda şu günlerde Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar ýygnandy.


Mukaddes ýaşyl Tugumyzyň şanyna geçirilýän dabaralar örän uly mazmuna eýe bolup durýar. Bu baýramçylyk watançylyk duýgularyny terbiýelemekde ägirt uly ähmiýetlidir. Bu bolsa baýramçylyk konsertinde—türkmen halkynyň milli Liderimiziň töwereginde mizemez agzybirligini we jebisligini beýan edýän “Bir bitewi, bir ten — bir jan, halk, Watan, tug, Arkadagym!” atly edebi-sazly çykyşda şöhlelendirildi.

Uly ekranda ýurdumyzyň Ýaşyl tugy parlaýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply işiniň subutnamasy hökmünde döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş maksatly syýasat ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny we dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar etmegini üpjün eden öňdebaryjy halkara başlangyçlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy wakalary şöhlelenýär.


Şu ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilmegi we ähli türkmenistanlylaryň garaşýan möhüm sport wakasyny Aziada—2017-ni geçirmäge ýurdumyzyň taýýarlygy bilen baglylykda, has hem derwaýys bolan sporta bagyşlanan “Milli sporta şan Watan!” atly täsirli çykyş konsertiň yzygiderli dowamy boldy.

Çagalar döredijilik toparlary tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen çykyş Watanymyzyň Ýaşyl tugunyň Garaşsyz Türkmenistanyň sport ýeňişleriniň alamaty hökmünde dünýäniň iri sport ýaryşlarynda ýene-de ençeme gezek ýokary göteriljekdigine bolan ynamymyzy alamatlandyrdy.

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan ýaş esgerleriň çykyşlary, şeýle hem ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýüniň “Merdana nesiller” aýdym-saz toparynyň we “Göreldeli” harby orkestriniň çykyşlary baýramçylygyň belent ruhuny nygtady. Ýurdumyzyň baýdagyny merdi-merdanalagyň we asyllylygyň nusgasy bolan türkmen halkynyň gahryman ata-babalarynyň dowamat dowamy ýaş esgerler öz gollarynda mäkäm saklaýarlar.


Konsertiň maksatnamasy meşhur sazandalaryň, ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan tanymal estrada aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň, belli tans ansambllarynyň çykyşlaryny öz içine aldy. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň hatarynda ýokary okuw mekdeplerinde, ministrliklerde we pudak edaralarynda döredilen we ilatyň giň köpçüligini milli medeniýete we sungata çekmäge, şeýle hem täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän çeper höwesjeňler toparlary bar.

Mukamlar köşgüniň sahnasynda türkmen halk we nusgawy sazlary, Watanymyzyň gözelligi we kuwwaty, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy barada häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. Çykyşlaryň hemmesi biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň esasy wakalaryny şöhlelendirýän owadan wideoşgörnüşler bilen utgaşdyryldy.

Däp bolşy ýaly, konsert ýurdumyzyň welaýatlarynyň toparlarynyň halkymyzyň agzybirligini we köňül joşgunyny alamatlandyrýan gadymy “küştdepdi” tansyny ýerine ýetirmekleri bilen jemlendi.


Mukamlar köşgüniň sahnasynda baýramçylyk konsertiniň jemleýji aýdymy bolup, “Goý, ýaňlansyn parahatlyk aýdymy!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Joşgunly sözler hem-de belent owaz Watanymyzyň Ýaşyl tuguna belent sena bolup, ýurdumyzyň millionlarça raýatlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan özüniň gülläp ösüş eýýamyny başdan geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimize buýsanç duýgularynyň we bagtyýarlygynyň şöhlelenmesi boldy.

***

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly çäreleri şu gün ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň Medeniýet öýlerinde, açyk konsert meýdançalarynda bolup geçdi. Olaryň barşynda milli tanslar ýerine ýetirilip, mukaddes milli nyşanlarymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ýaşlygy we ylham-joşgunyny wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.