Ýaponiýada geçirilýän VIII gyşky Aziýa oýunlarynda şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen hokkeýçileri yzly-yzyna ikinji gezek üstünlik gazandylar. Bu gün Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Makaonyň ýygyndy toparyny 16:0 hasabynda utup, “B” toparda birinjiligi sakladylar.
Topardan çykmak ugrunda Malaýziýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Indoneziýanyň hokkeýçileriniň hem çalyşýandyklaryny ýatladýarys. Toparda birinji orun finalda çykyş etmäge mümkinçilik berýär, ikinji orunlary eýelän toparlar bürünç medallar ugrunda bäsleşerler. Biziň toparymyz ilkinji duşuşykda Malaýziýanyň ýygyndysyny 9:2 hasabynda utupdy.
Ýygyndy toparymyzyň iň ýaş oýunçysy, “Oguzhan” toparynyň 18 ýaşly hüjümçisi Baýmyrat Baýmyradow has köp gezek tapawutlanyp, dört hokkeý topuny geçirdi. Ezizmuhammet Akmuhammedow üç gezek we Ahmet Gurbanow iki gezek tapawutlandy. Ähli urgulary gaýtarmagy başaran derwezeçilerimiz Kerimli Çaryýewiň we Rahman Myradowyň ussatlygyny aýratyn bellemeli.
Ýurdumyzyň Gyşky oýunlar milli merkeziniň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň aýdyşy ýaly, türkmen türgenleri Sapporoda okgunly, diňe hüjüm etmek hereketlerine daýanýan oýun görkezýärler, olar gyşky Aziadanyň öň ýanynda Belarusuň paýtagty Minsk şäheriniň “Raubiçi” olimpiýa sport toplumynda geçiren okuw-türgenleşiklerinde tilsimleriň inçe syrlaryny özleşdirdiler.
Indi toparymyza finala ýetmek üçin ýene bir ýeňiş zerurdyr, 24-nji fewralda Indoneziýanyň ýygyndy toparyndan üstün çykmak bilen, türkmen türgenleri finalda oýnamaga hukuk gazanyp bilerler.