Ï Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar

view-icon 1145
Türkmenistanyň ýygyndysy VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ikinji diwizionyň hokkeý ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ildeşlerimiz üçünji oýunda Indoneziýanyň toparyndan hem üstün çykyp (12:2), “B” toparda öňdeligi eýelediler. Munuň özi olara yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň birinji diwizionyna çykmak ugrunda göreşmäge hukuk berdi.

Öňki iki oýunda Baýram Allaýarowyň şägirtleri malaýziýaly türgenlerden (9:2) hem-de Hytaýyň Makaosyndan bolan hokkeýçilerden üstün çykdylar (16:0), düýn bolsa ýoldaşlyk duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerini ýeňmegi başardylar (13:2). Şeýlelikde, türkmenistanlylar mümkin bolan 9 utukdan 9 utuk topladylar. 26-njy fewralda geçiriljek ikinji diwizionyň aýgytlaýjy oýnunda olar “A” toparynda birinji orny eýelän Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.

Şu günki duşuşykda biziň hüjümçimiz Döwlet Söýünow garşydaşlaryň derwezesine üç hokkeý topuny geçirmegi başardy. Meýlis Kulyýewiň we Ewald Gaýewiň her biri iki gezek tapawutlandy. Baýmyrat Baýmyradow, Döwlet Hydyrow, Aleksandr Borkowskiý we Dmitriý Sawin hem bir hokkeý pökgüsini geçirmegi başardylar.

Aşgabadyň esasy toparlarynyň (“Galkan”, “Şir”, “Oguz han” we “Nesil”) oýunçylaryndan düzülen Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Aziada ilkinji gezek gatnaşdy. Ildeşlerimiziň şeýle iri halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerime eýe bolan milli sport hereketiniň ýokary derejesini tassyklaýar.

Biziň toparymyz altyn medallar ugrunda göreşer, final duşuşygyndaky ýeňiş 2021-nji ýylda geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlarynyň birinji diwizionyna ýollanmany üpjün eder.