Ï Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan üstünlikleri

view-icon 1297
Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýada geçirilýän VIII Gyşky Aziýa oýunlarynda ikinji diwizionda kiçi altyn medallaryny aldylar. Şu gün final duşuşygynda Baýram Allaýarowyň şägirtleri Gyrgyzystanyň toparyny 7:3 hasabynda ynamly ýeňdiler. Bu ýeňiş türgenlerimize 2021-nji ýylda geçiriljek indiki Aziýa oýunlarynda birinji diwizionda ýaryşa gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Duşuşygyň birinji döwrüni 2:2 hasabynda deňlikde tamamlap, ildeşlerimiz duşuşygyň depginini üzül-kesil güýçlendirdiler. Netijede, türkmen hokkeýçileri “kiçi” altyn medallara mynasyp boldular. Duşuşykda garşydaşlarynyň derwezesine netijeli hüjüm geçiren Maksat Ataýew, Pawel Barkowskiý, Ahmet Gurbanow, Döwlet Söýünow, Eziz Akmuhammedow, Meýlis Kulyýew we Dmitriý Sawin tapawutlandylar.

Aşgabadyň dört toparyna (“Galkan”, “Şir”, “Oguzhan” we “Nesil”) wekilçilik edýän hokkeýçilerimiz ilkinji gezek yklym derejesinde şeýle wekilçilikli ýaryşda çykyş etdiler. Finala çenli ýolda olar Malaýziýanyň (9:2), Hytaý Makaosynyň (16:0) we Indoneziýanyň (12:2) ýygyndy toparlarynyň garşysyna bolan oýunlarda ynamly ýeňişleriň üçüsini gazandylar. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň hokkeýçileri bilen ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda hem Türkmenistanyň ýygyndysy öz garşydaşlaryny 13:2 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy.

Indi Sapporodaky gyşky Aziadanyň ýeňijileri ýene-de bir jogapkärli ýaryşa, aprel aýynda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görer. Bu ýaryşda ýygyndy toparymyz birinji diwizionda çykyş eder. Ýaryşyň deslapky böleginde hokkeýçilerimiz Filippiniň, Omanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Hindistanyň we Hytaý Makaosynyň hokkeýçileri bilen duşuşarlar. Bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek türkmen hokkeýçileriniň ýokary diwiziona ýollanma almagyna mümkinçilik berer.