Ï Taekwondoçylarymyzyň BAE-de gazanan medallary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taekwondoçylarymyzyň BAE-de gazanan medallary

view-icon 1203
Taekwondonyň WTF görnüşi boýunça “Fujeýra-open” bäşinji halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda ildeşlerimiz medallaryň üçüsini – bir kümüş we iki bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýaryşa 15 ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mekan Gurbanow kümüş medaly eýelemegi başardy. Batyr Çaryýew bilen Jelaletdin Batyrow (ikisem 68 kilograma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.

Taekwondo WTF görnüşi şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem Fujeýrada geçen bu ýaryş ýygyndy toparymyz üçin öňde duran yklym derejesindäki ýaryşlara taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy.