Ï Türkmen türgenleri bouling boýunça «Almaty Kap—2017» halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri bouling boýunça «Almaty Kap—2017» halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldular

view-icon 1331
Toparlaýyn bäsleşikde ildeşlerimiz 206 utuk toplap, diňe Gazagystanyň (219) we Özbegistanyň ýygyndylaryndan yza galdylar. Türkmen boulingçileri bu ýaryşda russiýaly (203) we ukrainaly (201) türgenlerden ozmagy başardylar.

Ýaryşyň öňüsyrasynda türkmen türgenleri bu sport desgasynda okuw-türgenleşik işlerini geçirip, halkara ýaryşlarynda zerur bolan tejribe topladylar. Hünärmenleriň pikirine görä, hut şunuň özi hem ildeşlerimiziň halkara ýaryşynda özleriniň ilkinji üstünliklerini gazanmaklaryna itergi berdi. Boulingiň hem Aşgabatda geçiriljek Aziada—2017-niň maksatnamasyna girýändigini ýatladýarys. Şonuň üçin hem şeýle ýaryşlaryň her birisi yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde gazanylýan ussatlyk derejesiniň özboluşly synagy bolup durýar.

Şeýle hem ýekelikde we jübüt görnüşde bäsleşikler hem geçirildi. Bu ýaryşlarda hem türkmenistanly türgenler oňat netijeleri görkezdiler.