Şu gün ýurdumyzyň medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň düzümleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda milli Liderimiziň bu ulgamlaryň öňünde goýan wezipeleriniň möhümdigi nygtalyp, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini giňden beýan etmekde möhüm orun eýeleýän medeniýet işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň maslahatynda dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzy diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, ruhy we döredijilik boýunça hem ýokary mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde tanamaklary ugrunda ähli tagallalary etmek barada anyk wezipeleri öňde goýdy. Munuň üçin bolsa, döredijilik işini kämilleşdirmek, täze edebi we sungat eserlerini döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek zerur bolup durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, medeniýet syýasaty ýurdumyzy durnukly ösdürmek strategiýasynyň esasy şertleriniň biridir. Munuň özi öňde durýan wezipeleri çözmekde kesgitleýji hem-de ileri tutulýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilaty medeni gymmatlyklar bilen has giňden tanyşdyrmak, şahsyýeti ruhy we ahlak taýdan ösdürmek, durmuş hem-de ykdysady özgertmeleriň barşynda medeniýetiň, sungatyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny ýokarlandyrmak üçin täze şertleriň döredilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belleýär.
Pudaklaýyn maslahatda edilen çykyşlarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, aýratyn-da, degişli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleriň täze nesliniň taýýarlanylmagynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzda döredijilik dünýäsiniň, medeniýet we sungat gatnaşyklarynyň kämil derejede ösdürilmeginiň möhüm şertidir.
Mundan başga-da, medeniýet hem-de sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Aziada—2017-ä taýýarlyk işleriniň we geçişiniň doly derejede beýan edilmeginde, onuň çäklerinde medeni-köpçülikleýin çäreleriň guralmagynyň aýratyn orun eýeleýändigi aýdylyp, bu ugurda ýörite iş maksatnamanyň taýýarlanandygy habar berildi.
Bu düzümler boýunça täze bellenilen ýolbaşçylaryň öňünde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly jogapkärli meseleleriň durýandygy aýratyn nygtaldy.
Maslahatda çykyş edenler döredijilikli işlemek, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli medeniýeti we sungaty kämilleşdirmek ýaly jogapkärli wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.