Ï Milli bahar baýramyna gabatlanyp, «At—myrat» atly film ýurdumyzda görkezilip başlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli bahar baýramyna gabatlanyp, «At—myrat» atly film ýurdumyzda görkezilip başlanyldy

view-icon 1093
Bu günler filmiň paýtagtymyzyň “Aşgabat” kino merkezinde we “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilişi boldy.

Şu aýda milli telewideniýäniň ýaýlymlarynda “At—myrat” filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Ol milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hem-de dünýä derejesinde türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy diýlip ykrar edilen şöhratly ahalteke bedewlerine bagyşlanandyr. Filmde geçmiş we häzirki döwür utgaşykly baglanyşdyrylýar.

Biziň ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ahalteke bedewleriniň gadymy tohumyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, türkmen atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem türkmen atşynaslarynyň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary üçin ähli şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän resminamalaýyn wideoşekilleriň toplumynyň beýan edilmegine filmde aýratyn ähmiýet berilýär.

Filmde Merdan atly on iki ýaşly oglan hakynda gürrüň berilýär. Ol atasy, belli seýis Çerkez aganyň ýanynda bolup, diňe bir atşynaslyk bilen tanşyp oňaýman, eýsem, onuň inçe syrlaryny öwrenýär, ýetginjekde behişdi bedewlere hakyky söýgi döreýär. Bedewler bilen ýakyndan tanyşdygyça, onuň daşky gurşawa garaýşy üýtgeýär, onuň gözelligi we sazlaşykly häsiýeti barada düşünje alýar. Ýetginjek ýelden ýüwrük bedewler bilen söhbetdeş bolup, asyllylyk, wepadarlyk, gaýduwsyzlyk we buýsanç, mertebe hem-de edermenlik ýaly müdimilik gymmatlyklaryň many-mazmunyna göz ýetirýär, ussat türkmen seýisleri ahalteke bedewlerinde şeýle häsiýetleri kemala getirdiler.

Merdan meşhur çapyksuwar bolmak ýaly asylly maksady öňde goýýar, filmiň “At—myrat” diýlip atlandyrylmagy hem şundan gelip çykýar. Filmiň baş gahrymany düýşünde hem-de özüniň döredijilik hyýalbentliginde geçmişiň ummanyna çümüp, tomaşaçylara hem asyrlaryň jümmüşine yza dolanmaga we Oguz hanyň eýýamyna özboluşly taryhy gezelenç etmäge, hakyky watançylyk we gahrymançylyk ruhuna ýugrulan edermen çapyksuwarlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Filmiň gurluşy nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyna esaslanýan çuňňur taryhy wakalara hem-de garaýyşlara daýanýar. Resminamalaýyn häsiýetli wideoşekilleriň peýdalanylmagy atşynaslyk, onuň gaýtadan dikeldilmegi hem-de häzirki döwürde ösdürilmegi bilen baglanyşykly milli däp-dessurlar barada düşünje almaga ýardam berýär.

Şeýlelikde, dürli döwürleri öz içine alýan wakalar filmi döredijilere eziz Watanymyzyň geçmişini we häzirki gününi baglanyşdyrýan ýodany tapmaga mümkinçilik berýär. Behişdi bedewlere uly sarpa goýýan, at üstünde gezelenç etmäge aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çapyksuwarlar üçin ussatlygyň hakyky göreldesidir. Milli Liderimiziň ýokary çapyksuwarlyk ussatlygyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleri ençeme gezek göz ýetirendirler.

Filmiň gahrymany özüniň uly sarpa goýýan halypasynyň at çapyşyklarynda ýeňiş gazanyşyna, şeýle hem onuň agtygynyň ahalteke bedewinde çapyşyna tolgunmak bilen syn edýär. Merdan hem çapyşyklaryň ýeňijisi bolmagy arzuw edýär, öz ussatlygyny we batyrlygyny, ahalteke bedewleriniň güýjüni, gözelligini, çeýeligini görkezmek isleýär. Onuň bu arzuwy hasyl bolýar, ol ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanýar.

Täze film tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar, onda sazlar we öwüşginler utgaşýar. Filmde öňe sürülýän watançylyk taglymy işjeň dörediji döwlet we ajaýyp geljegi bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşy bilen baglanyşyklydyr, ýurdumyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ruhy güýjüň çäksiz çeşmeleri bar, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan häzirki döwürde durmuşa geçirilýän syýasatda öz ajaýyp beýanyny tapýar.

“At—myrat” atly film Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde režissýor K.Annanowyň ýolbaşçylyk edýän topary tarapyndan döredildi. Filmde keşpleri döretmäge gatnaşan belli artistler bilen bir hatarda, oglanyň we onuň atasynyň keşbini sungat bilen ykbalyny baglamadyk, emma atşynaslyk bilen meşgullanýan höwesjeň artistler ýerine ýetirdiler. Munuň özi filmde öňe sürülýän esasy pikiri tomaşaçylara takyk ýetirmäge ýardam berdi.