Ï Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» powesti boýunça oýun sahnalaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» powesti boýunça oýun sahnalaşdyrylýar

view-icon 1114
Bu tanymal eseri sahnalaşdyrmak pikiri sahna ussatlarynyň arasynda-da, teatr muşdaklarynda-da uly gyzyklanma döretdi. Eserde söýgüniň we ruhuň güýji, dönüklikden hasap soralýandygy barada gürrüň edilýär.

Ylýas ulaga diýen etdiribilýän ussat sürüji bolsa-da, joşgunly hyjuwyndan weli ejiz gelýär.Ylýas il deňinde maşgalabaşy bolmaga derek, öz elwan ýaglykly söweri-Asyla we çagasyna dönüklik edip, olary eklençsiz goýýar...


Oýny Türkmenistanyň at gazanan artistleri Handurdy Berdiýw bilen Döwlet Hanmämedow sahnalaşdyrsa, sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow we Mekan Annamyradow ýerine ýetirdiler.

Özboluşly üýgeşik sahna bezegi oýnuň dartgynlylygyny has-da güýçlendirýär. Sanha bezegi ala-garaňkylykda tomaşaçylaryň gözüniň alnynda çalşyrylýar. Sahnadaky kölegeler dag ýolunuň ugrunda we Yssyk kölüň gözel kenarynda adaty durmuşyň gidip duranlygyny alamatlandyrýar.


Çykalgasyz ýagdaýa düşen gelniň atasy öýüne eli çagaly gaýdyp barmaga ýüzi ýok, çünki ol söweri bilen dogduk öýünden gaçyp gidipdi. Onsoň Asyl çagasynam alyp ýarygije jaýdyr iş gözläp, başga oba gidýär.

Ykbal olary ýene bir gezek duşurýar, şonda Ylýas öz serwisini ýitirendigine düşünip galýar. Ol ogluny yrjak bolýar, ýöne o-da başa barmaýar. Işdeşleridir obadaşlary-da ondan ýüz örüp, Asylyň tarapyny çalýarlar. Ol çykgynsyz halda ýeke galýar...


Eseriň ahyrynda öz gahrymanyna maşgalasyna gowuşmaga mümkinçilik beren Çingiz Aýtmatowdan tapawutlylykda oýny goýujylar Ylýasyň biwepalygyny geçirmän, ondan sapak alynmagyny niýet edinipdirler.

Tomaşaçylara bu wakany gürrüň berýän etrap gazetiniň habarçysynyň keşbini Döwlet Hanmämmedow, baş gahrymanlar-Ylýas bilen Asylyň keşbini ýaş artistler Süleýman Eminow bilen Gülaýym Annameňliýewa ýerine ýetirýärler. Oýny sahnalaşdyrýanlaryň tagallasy onuň şowly çykjakdygyna şaýatlyk edýär.