Ï Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde adaty karate boýunça ýaryş geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde adaty karate boýunça ýaryş geçirildi

view-icon 1581
Gündogaryň başa-baş söweşiniň ussatlarynyň tutluşyklaryna dürli ýurtlardan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Baýraklar ugrunda birnäçe görnüşler boýunça bäsleşildi. Olaryň hatarynda aýratynlykda we toparlaýyn tutluşyklar, kata (toplumlaýyn maşklar) hem-de en-bu (görkezme tutluşyklary) bar. Görkezme çykyşlarynda türkmenistanly türgenler tapawutlandylar.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Röwşen Hudaýberenow üç altyn medala mynasyp boldy. Toparlaýyn tutluşyklarda onuň ýeňiş gazanmagyna Begmyrat Jepbarow hem-de Gurbanmyrat Gylyjow, toparlaýyn katada, şeýle hem aýratynlykdaky katada (Döwlet Berdiýew we Babahan Dädebaýew) kömek berdiler.

21 ýaşdan ýokary bolan toparda aýratynlykdaky tutluşyklarda çykyş eden Diýar Hojaýew hem altyn medal gazandy. Bu zehinli türgen eýýäm ençeme gezek ýeňiş gazandy. Şol ýeňişleriň esasysy 2015-nji ýylda Russiýanyň açyk Kubogy ugrundaky ýaryşyň altyn medalydyr. Şonda ildeşimiz “Iň çalt gazanylan ýeňiş” diýen görnüşde täze dünýä rekordyny goýdy: D.Hojaýewe ýeňiş gazanmak üçin bary-ýogy ýedi sekunt ýeterlik boldy.

Ýurdumyzyň ýygyndysyna bäşinji altyn medaly Abdylla Taýhanow gazandy. 16-17 ýaşly gatnaşyjylaryň arasynda aýratynlykdaky tutluşyklarda oňa taý tapylmady.

Kümüş baýraklara Gurbanmyrat Gylyjow (aýratynlykdaky kata) we Döwlet Berdiýew (aýratynlykdaky tutluşyklar) mynasyp boldular. Şeýle hem türkmenistanlylar en-bu ýaryşlarynyň netijesi boýunça (D.Berdiýew we D.Dädebaýew) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Bürünç baýraklar toparlaýyn tutluşyklarda (D.Begliýew, B.Dädebaýew we G.Hojaýew), aýratynlykdaky tutluşyklarda (B.Jepbarow we B.Dädebaýew) hem-de aýratynlykdaky katalaryň iki görnüşinde (D.Berdiýew) gazanyldy.