Ï Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda Fortepýano sazlarynyň festiwaly açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda Fortepýano sazlarynyň festiwaly açyldy

view-icon 946
Oňa TMK-nyň ýanyndaky Ýörüte sazçylyk mekdep-internatynň, TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň pianinoçylary, şeýle hem ýörüte fortepiano kafedrasynyň talyplary we mugallymlary gatnaşýarlar.

Konserwatoriýada her ýyl geçirilýän fortepiano sazlarynyň festiwalynyň baý däpleri bar. Wagtyň geçmegi bilen oňa gatnaşan ýaş sazandalar mugallym bolup ýetişdiler, olar indi öz okuwçylaryny goldamaga geldiler. Festiwaly mekdep-internatyň ikinji synp okuwçysy Oguljemal Hudaýberdiýewa açdy. Ol ýatdan Gülşat Ödenyýazowanyň „Ýartygulagyň tansy“ pýesasyny ýerine ýetirdi. Ilkinji konsertde çykyş eden beýleki sazandalar ýaly Oguljemal başlangyç çykyşynda tolgunmasyna bäs gelip, gowy çykyş etdi.

Festiwalyň ilkinji güni belli türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň we Çary Nurymowyň, şeýle hem russiýaly we günbatar-ýewropaly nusgawy kompozitorlar Sergeý Prokofýewiň, Sergeý Rahmaninowyň, Frederik Şopeniň, Frans Şubertiň tanymal eserleri ýaňlandy.

Ýörüteleşdirilen mekdep-internatyň okuwçysy Zamira Joraýewanyň Prokofýewiň „Romeo we Julýetta“ baletinden bölegi, şeýle hem konserwatoriýanyň talyplary Amannazar Arslanow bilen Ogulkeýik Hojagurbanowanyň ýerine ýetiren Şopeniň „Etýudy“ we Şubertiň „Ekspromty“ diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowanyň belleýşi ýaly, bir aýyň dowamynda her hepdäniň duşenbe güni festiwal çykyşlary bolar. Konsertleriň jemleýji tapgyrynda roýalyň başyna mugalymçylyk iş tejribesi bolanlar geçerler.