18-nji maýda türkmenistanlylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belleýärler. Ildeşlerimiz beýik ynsanperwer şahyryň sarpasyny belent tutýarlar. Türkmenistanyň şäherleriniňdir obalarynyň ählisinde, hatda ýurduň daşynda-da--Astanada, Daşkentde onuň adyny göterýän şaýollardyr köçeler bar. Kitaphanalardyr, uniwersitet, teatr şahyryň adyny göterýär. Magtymguly adyndaky Halkara baýragy döredildi. Türkmen halkynyň genji-hazynasyna deňelýän Magtymguly Pyraga hormat-sarpa nesilden –nesle geçip gelýär.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde gurnalan sergi Magtymgulynyň doglan gününiň 293 ýyllygyna bagyşlandy. Onuň açylyşyna şygyrýetiň köpsanly muşdaklary—Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri, şahyrlardyr dilçiler, edebiýatçylar, sungaty öwreniji alymlar, Aşgabatda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bu ýerde şahyryň belent münberde goýlan heýkeli bar. Onuň daş-töwereginde Magtymgulynyň çap edilen eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy işler goýlupdyr.
Muzeýiň hünärmenlri şahyryň ýaşap geçen döwrüne degişli keçedir erkek kişileriň geýen donuny, bugdaý sümmülini, gadymy küýzeleri we şaý-sepleri ýygnapdyrlar. Magtymguly ussat zergär bolupdyr, muzeýde onuň Meňli ýary üçin ýasan kümüş ýüzügi-de saklanýar. Baýramçylyk sergisinde türkmen topragynyň gözelligini wasp edýän halylar-da bar.
„Garrygala bahary“ halysynda bu ülkäniň gözel tebigaty, çeşmä suwa inen jerenler, arassa al-asman, gül-gülälkli lälezar meýdan şekillendirilipdir.
Halylaryň arasynda Gerkez obasynyň gözelligini wasp edýänleri-de az däl. Şeýle hem türkmen iliniň şu gününi—Garaşsyzlyk eýýamynyň belent binalaryny, Hazaryň gözel kenary Awazany, ak mermere bürenen Aşgabady wasp edýän halylar-da kän.
Muzeýiň hünärmenleriniň tagallasy bilen tomaşaçylar eýýamlaryň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyna syn etdiler.