«Blattwerk Saxophone» dörtlügi „Saksofonly dört dost“ şygary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda konsert berdi. Agşamy Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi guradylar.
Hartmut Zalsman (soprano we alt saksofon), Bernd Ştih (bariton saksofon), Alban Hauser (tenor saksofon) we Timur Isakow (alt saksofon we klarnet) dagy dünýäniň çar künjünde çykyş edip, üstünlik gazanýarlar. Sahnada olar umumy saz utgaşgyna özboluşly owazly goşulyşýarlar.
Hartmut Zalsman nusgawy sazlary häzirki zaman jaz žanrynda ussatlarça gaýtadan işleýänligi üçin onuň sazlaryna “Şu günüň nusgawy eserleri“ diýýärler. «Blattwerk Saxophone» toparynyň sazlarynyň aglabasyny Hartmut gaýtadan işledi.
Ýöne aşgabatlylar Alma-Ata döwlet konserwatoriýasynyň uçurymy Timur Isakow bilen gyzyklanýardy. Ol Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda konsertmeýster bolup işledi we Türkmen milli konserwatoriýasynda sapak berdi. 2001-nji ýylda Timur Germaniýa göçüp gitdi. Diýmek, tomaşaçylaryň arasynda onuň tanyş sazandalarynyň hem bolmagy mümkin.
«Blattwerk Saxophone» dörtlüginiň çykyşy Mark-Antuan Şarpantýeniň «Te deum» eseri bilen açyldy. Diňleýjiler daşary ýurtly sazandalaryň ussatlygyna el çarpmalar bilen minnetdarlyk bildirdiler. Konsertde Astor Pýasollanyň, Sonni Rollinsiň, Jon Wilýamsyň sazlary, ýewreý halk sazlaryndan klezmer ýerine ýetirilidi, sazandalar Georg Gendeliň eserleriniň üçüsini çaldylar.
Konsertiň birinji we ikinji bölüminiň arasynda Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky üçlük R. Nepesowyň „Men hem sen“, K. Nobatowyň „Oýlanmalar“ pýesalaryny ýerine ýetirdi. Türkmen sazandalarynyň ussatlygy diňe bir tomaşaçylary däl, eýsem germaniýaly kärdeşlerini-de haýran etdi.
Timur Isakow: „Siziň ussatlygyňza aperin!“ diýende diňleýjiler onuň sözüni şowhunly el çarpmalr bilen goldadylar.
Konsertiň ikinji bölüminde Waleriý Gawrilliniň „Tarantellasy“, Iogann Sebasýan Bahyň „Minueti“, „Irlandiýaly kir ýuwýan zenanlar“ irland halk sazy we beýleki eserler ýaňlandy.
Konsertiň ahyrynda nemes sazandalary başyna tahýa geýip, Röwşen Nepesowyň üçlügi bilen bilelikde Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň „Şasenem-Garyp“ operasyndan bölek ýerine ýetirdiler. „Palowa gel“ meşhur aýdy ýaňlananda welin, tomaşaçylaram durubilmän oňa goşuldylar.
Nemes saksofonçylarynyň çykyşy dürli ugurlary özboluşly özleşdirýän ussatlaryň sungaty bilen tanyşlyk hökmünde aşgabatlylaryň hakydasyna ornaşsa gerek.