Ï Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Reşat Güntekiniň sahna eseri boýunça oýun taýýarlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Reşat Güntekiniň sahna eseri boýunça oýun taýýarlaýar

view-icon 1182
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda perde syrylandan Türkiýäniň bir şäherçesiniň tämiz köçesiniň şekili peýda bolýar. Öýleriň biriniň oňaýlyja bagynda belli türk ýazary Reşat Nuri Güntekiniň „Amanat giýew“ atly gyzykly pýesasynyň wakalary ýaýbaňlanýar.


-Sahna eserini goýmak ilkibada bize kyn düşdi,- diýip oýun goýujy režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow gürrüň berýär. -Artistler düzümi, saz bezegi, egin-eşikleriň eskizi üýtgedilýärdi. Ýöne artistleriň ussatlygy, sahna bezegi we režissura sazlaşykly utgaşyp oýnumyz şowly çykdy. Reşat Güntekiniň aýaýyp dramaturgiýasy döredijilik gözleglere we üýtgeşik çözgütleri agtarmaga itergi berýärdi. Oýun goýujy nakgaş Pyragy Amangeldiýewiň şowly sahna bezegi onuň gyzykly bolmagyna getirdi.


Pýesanyň awtory türk ýazyjysy we daramaturgy Reşat Nuri Güntekin „Saýrak guş“ romany bilen bütindünýä meşhurlygyny gazandy. „Amanat giýew“ gülküli sahna oýnunda kimden ýagşy herekete garaşsaň, ondan ýaramazlyk çykýar, çekinäýmeli kişiň hem asylly işi bilen seni haýran edýär.

Teatryň artistleri hereketlerinde, ýörüşinde, ýüz-gözüni oýnadyşynda türk milliligini ussatlyk bilen eýrine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.


Anastasiýa Balandina gaýgy -aladasyz durmuş üçin öz eziz ogluny bagtyndan jyda etmäge-de taýýar açgöz we ýelöwser Rukiýeniň keşbini ynadyryjylykly ýerine ýetirmegi başarýar. Ol wyždan azaby diýen zady asla bilmeýär, hatda gelninem öýden çykaryp kowmaga-da taýýar. Uly ogly Şerifem tüýs enesi kimin ýaramazlykdan lezzet alýanlardan. Kiçi ogly Halyl bolsa, lellim, oýnatgy, öz kellesi bilen iş edibilmeýän nalajedeýin ýigit.

Dinara Muhtarowanyň gahrymany -Halyla göwün beren kemakyl Zehre sahnada peýda bolandan oňa pisindiň oturmaýar. Diňe oýnuň ahyrynda Rukiýe bilen Şerifiň pirimleriniň nämä eltjegini aýan görkezýän režissýorlyk usula düşünip galýarsyň.


Zehinli artistleriň sazlaşykly oýny tomaşaçylaryň gönüni awlap, olaryň „sag bosunyna“ mynasyp bolýar.