Muzeýde türkmen heýkeltaraşlarynyň, žiwopiçileriniň we ýurdymyzyň künjekleriniň ählisinden elinden dür döküýän ussatlarynyň el işleri goýlupdyr. Medeniýet hepdeligi-2017-niň guramaçylarynyň şertine görä, sebitler welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýlerinde saklanylýan halydyr haly önümlerini, keşdelri, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri, žiwopis eserlerini ugradypdyrlar. Tematiki taýdan dürli-dürli zatlar baýramçylyk ýarmarkasyna çalym edýär.
Daşoguzly ussatlar garaköli baganadan tikilen telpekleriň ençeme görnüşini getiripdirler. Olar dondyr keltekçelriň ýanynda hasam göze geliwli görünýär. Bu ýerde Kerim Oraznepesowyň „Gyrkymçylar“ suraty hem goýlupdyr, onda nakgaş gyrkym işini şekilendiripdir. Goýun ýüňünden haly dokalyp, milli joraplaryň we beýleki zatlaryň örülýändigini bilmeýän ýok bolsa gerek.
Lebap welaýatynyň bölüminde bu sebite mahsus zenan egin-eşikleri görkezilýär. Nysak taryhy bilen gyzyklanýan hünärmenler üçin olaryň belli bahasy ýok: olarda eşikleriň ýakasyny we kisesini nagyşlamakda seýrek duşýan tilsimler ulanylypdyr. Olaryň gapdalyndaky ýşaý-sepleriň, --bileziklerdir gülýakalaryň arasynda maňlaýlyk saýry görünýär.
Sergi köpugurlydyr. Milli žiwopis mekdebiniň ussatlarynyň zehininden dörän edebiýat we sungat işgärleriniň portretleri tomaşaçylary hasam özüne çekýär. Türkmenistanyň halk nakgaşy Durdy Baýramow Gurbannazar Ezizowyň portretini al fonda çekip, şahyryň zehinini ýol görkezýän alawa meňzedipdir.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramow Yzzat Gylyjowyň ýaş döwrüni çekipdir. Ol özüne mahsus tilsimde türkmen žiwopisiniň ägirdini 60-njy ýyllara mahsus usulda şekillendiripdir: Yzzat Gylyjow penjirä bakyp dur, hatda onuň şeýle adaty keşbinde-de nakgaşa mahsus nepislik we aşa ýitilik duýulýar.
Stanislaw Babikow Alýabýewiň „Bilbilini“ taýsyz ýerine ýetiren SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewany aýdym aýdýan pursaty şekillendiripdir. Onuň bu tanymal aýdymçynyň suratyny birnäçe gezek çekenliginden çen tutsaň, nakgaşyň Medeniýet Şahberdiýewanyň zehininiň muşdagydygyny aňsa bolar.
Yzzat Gylyjowyň çeken belli sazanda Annageldi Jülgäýewiň portretinde gyjakçy gözlerini ýumup, saz ummanyna berlip saz çalýar.
Halk amaly-haşam sungat eserleriniň arasynda „Kämil ylham“ halysy uly gyzyklanma döredýär, onda inçebil türkmen bedewi Törebeg hanym aramgähiniň içerki gümmeziniň özboluşly mozaiki pannosynyň öňünde şekilendirilipdir.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýew gipsden ýasalan heýkelleriniň birnäçesini sergä hödürläpdir. Olaryň arasynda parasatly, päk ahlakly Magtymguly Pyragynyň, 13 asyrdaky halk gahrymany Soltan Jelaleddiniň heýkelleri, iri spor çäresine bagyşlanan „Aziadanyň alawy“ kompozisiýasy ýaly işler bar.